Orta hünär bilim ulgamynyň pedagogik işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmagyň psihologik-pedagogik okuwy

image

06.05.2025

484

          Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilimde amala aşyrylýan düýpli täzelenişlere, uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli maksatnamalara täze badalgalar berilýär.

          Ýurduň ylmynyň, sosial – ykdysadyýetiniň güýçli depginde ösýän şertlerinde ýörite orta bilimli hünärmenlere isleg has-da artýar. Olaryň hünär başarnygy, köp derejede, olar bilim berýän pedagoglaryň hut öz hünär taýýarlygyna, olaryň häzirki zaman oňdebaryjy okadylyş usullaryny, täze tehnologiýalary özleşdirmekligine gös-göni baglydyr. Döwletiň maksada gönükdirilmeli bilim syýasaty we pedagog-laryň hünär derejesini ýokarlandyrmaklyga bolan isleg, täze pedagogikanyň we psihologiýanyň ulgamynda bilimi kämilleşdirmegiň gaýra goýulmasyz mesele-lerini çözmekligi talap edýär.

          Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkezinde we kafedralarynda psihologik – pedagogik dersler boýunça bilimi ýokarlandyrmak üçin häzirkizaman material - tehniki baza we taýýarlykly professor – mugallymlar düzümi bar.

          Ýokarda aýdylanlardan ugur alyp, merkezde orta hünärmen bilim ulgamynyň pedagogik işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça halkara standartyna laýyk psihologik-pedagogik kursuň okuw maksatnamasy işlenilip düzüldi.   Okuwyň maksady orta hünärmen bilim ulgamynda okadylyşyň häzirki zaman psihologik – pedagogik tehnologiýalaryny özleşdirmegiň amaly esaslaryny döretmek, pedagoglaryň hünärini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň durnukly ylmy – pedagogik binýadyny kemala getirmek we alnan bilimleri geljekki hünärmenleriň okadylyşynda ulanmakdyr.

        Kursuň maksatnamasynda umumy we amaly sapaklar göz öňünde tutulyp, ol

4 toplumdan ybaratdyr:

  • okuw-akyl  ýetiriş işiniň psihologik esaslary;
  • ýaş aýratynlygy we pedagogik psihologiýanyň esaslary;
  • pedagogikanyň we okadylyşyň häzirki zaman tehnologiýasynyň esaslary;
  • okuw sapaklaryny meýilleşdirmek, okuw resminamalaryny ýöretmek we okadylyşyň häzirki zaman standartlary.

          Maksatnama okadylyşyň bitewi, özara baglanyşykly ulgamyny özünde jemleýär. Kursuň bilim-düşünjelerini netijeli özleşdirmek üçin toplumlar görkezilen yzygiderlilikde özleşdirilýär. Her toplum test synagy bilen tamamlanýar. Kurs tamamlananda diňleýjiler jemleýji synag tabşyryp, onuň esasynda olara şahadatnama berilýär.

          Psihologik-pedagogik kurs Türkmenistanyň orta hünär bilim ulgamynyň döwlet, wedomostwadaky, hususy guramalarynyň mugallymlaryna, usulyýetçilerine we ýolbaşçylaryna, şeýle hem psihologiýa we pedagogikadan okadýan raýatlara niýetlenendir.

          Maksatnamada 142 sagat göz öňünde tutulan. Hepdede 4 gezek 3-4 okuw sagady okadylanda kursuň dowamlylygy 12-9 hepdedir.

          Diňleýjiler kursy tamamlanlaryndan soňra alan bilimlerini döwlet, wedomostwalaýyn we hususy häsiýetdäki okuw edaralarda ulanyp bilerler.

          Hünärini ýokarlandyrmak okuwyna ýazylmak üçin raýat işleýän orta hünär bilim edarasyndan Tebigy we takyk ylymlar boýunça
ylmy-barlag merkezine hat bilen ýüzlenmeli. Hatyň nusgasy goşulýar.

Hatyň nusgasyny almak üçin şu ýere basyň

Okuwlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary okadýar.
Okuwlar türkmen dilinde okadylýar.
Okuwlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň çäginde sagat 17:00 dan soň gurnalýar. 
Okuwyň tölegi (142 sagat üçin) 1 350 manat. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar.  

Tölegi orta hünär bilim edarasy tölejek bolsa, şertnama bilen oňa degişli goşundysyny şu ýere basyp ýükläp bilersiňiz.