Zamana atly web programmasy

image

17.04.2025

142

“Zamana” Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyny öwrenmäge mümkinçilik döreýär. Çünki Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde geçen her bir günümiz bir taryhy waka, şanly sene beslenýär. Gün-günden öňe barýan eziz Diýarymyzyň häzirki zaman taryhyny geçen ýyllar arkaly öwrenmek we sanlyja ýylyň içinde ýurdymyzda we halkara derejesinde edilen işleri bilmek has-da täsirli bolar diýip pikir edýäris (islendik enjamda).

     Bu saýtyň üsti bilen 2015-nji ýyldan başlap 2025-nji ýyly öz içine alýan bilimde, medeniýetde, sportda, saglykda bolan wakalar toplumyny we ýyllaryň atlaryny bilip bolar. Hem-de her ýylyň özüniň nyşanyny we şol ýyllarda neşir edilen Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary ýerleşdirildi we şol kitaplary web-sahypasynyň üsti bilen okamak mümkinçiligini döredildi.

Bu programma diňe bir kompýuterlerde ulanmak mümkinçiligi bolman eýsem ony ykjam telefonlarda, planşetlerde ulanmak mümkindir.

Funksional mümkinçilikleri:   

    • Türkmenistanyň bilim ulgamynda peýdalanmak we ulanmak
    • Täzelikler bilen tanyşmak we ony ýyllar arkaly öwrenmek
    • Okuw prosesinde maglumatlary giňişleýin öwrenmek
  • Mobil enjamlaryň kömegi bilen programmany ulanmak mümkünçiligi
  • Kompýuteriň kömegi bilen programmany ulanmak mümkünçiligi

Programma üçin Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan №698 şahadatnamasy alyndy