10.05.2023
1189
Ylmy seljeriş barlaghanasy ylmy-barlag merkezinde gurnalýar. Gurnamanyň maksady dürli materiallaryň gurluşy, düzümi we fiziki-himiki-biologiki häsiýetlerini öwrenmek. Onuň üçin barlag wagtynda gözegçiniň howpsyzlygyny üpjün edip galtaşmazdan gözegçiligi amala aşyrmagy maksady bilen ПЭМ-100 mikroskopynyň häzirki zaman kompýuteri bilen ylmy esasda baglaşdyryldy.
ПЭМ-100M we ПЭМ-101 mikroskoplary sanly elektron enjamlara baglap, olara wakuum, infragyzyl şöhle, ultrafiolet, ýönekeý ýagtylyk çyralaryny ornaşdyrmak üçin "Daraý-dere" hususy kärhanasy (Ygtyýarnama № 1-10-18-164) bilen bilelikde şertnama esasynda iş geçirilidi. Işiň dowamynda shemalary we çyzgylary arhiw maglumatlara eýerip ylmy tarapdan öwrenildi; Aýratyn sredalary ylmy usulda döredildi; Simbiozlaşdyrmak üçin zerur ätiýaçlyk şaýlary döretmek bilen bagly ylmy işler alnyp baryldy.
Netijede sanly mikroskop wakuum, infragyzyl şöhle, ultrafiolet şöhle we diod ýagtylygy ulanyp 90x esse ulaltmak mümkinçiligine eýe boldy.

Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkeziniň esasy wezipesi bäsleşige ukyply hem-de ýurdumyzyň ylym we tehnika babatda ileri tutulýan ugurlary boýunça ýokary tehnologik çözgütleri işläp taýýarlamakdan we barlaglary geçirmekden ybaratdyr. Ýagny bäsleşige ukyply, maddy we energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary we innowasiýalary işläp taýýarlamak we önümçilige ornaşdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklary bilen özara bähbitli gatnaşyklary berkitmek boýunça teklipleriň üstünde işleýär. Täze önümleri we senagaty döretmek, zehinli ýaşlary ylmy, ylmy-tehnologik, taslama-konstruktorçylyk işlerine çekmek, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ylmyň, bilimiň, önümçiligiň we işewürligiň bitewiligini döretmek boýunça merkeziniň ylmy derejeli işgärleri taýýarlamak, hünärmenleriň hünärlerini ýokarlandyrmak babatynda geçirilýän işler, beýleki ylmy edaralary we ýokary okuw mekdepleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyklary ýola goýmak maksady bilen çagyryşlary we sapaklary geçýär.
Ylmy barlaglaryň netijesini önümçilige ornaşdyrmak boýunça merkezimizde oýlanyşykly işler alnyp barylýar. Ykdysadyýet bilen ylmyň arasyndaky köpri bolup hyzmat edýän Tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak bölüm dörediler. Bu bölümiň esasy wezipesi ylymda gazanylan netijeleri we oýlap tapyşlary ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrmak bolup durýar. Şeýle-de bu bölümde önümiň bazardaky patent-hukuk görkezijilerini kesgitlemek, ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işlerini geçirmek, tehniki ykdysady esaslandyrmalary işläp düzmek ýaly işler hem meýilleşdirilen. Geljekde, bu işleri amal etmek maksady bilen, ýurdumyzyň innowasiýa ykdysadyýetini ösdürmegiň wajyp ugury bolup durýar.
Merkezimiziň öňünde durýan wezipelerden ugur alyp, häzirki döwürde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan Tehnologiýalar merkezinde işjeň Tehnologiýalaryň trasfer merkezini döretmek we oňa degişli hukuknamalary taýýarlamak işleri alnyp barylýar biz hem şol jebis baglanyşykly maksatlarda öz ornumyza eýe bolmak isleýäris.