10.05.2023
910
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkezi we “Ykdysadyýetde innowasion tilsimler” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde Dilber.com.tm domen ady bilen elektron sözlük döretdi. Sözlük android we iOS platformaly enjamlarda hem ulanylar ýaly görnüşiniň üstünde işlenilýär. Bu sözlügüň mazmunyny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary işleýärler. Sözlük tölegli bolup (tölegi bank kart arkaly ýerine ýetirmek üçin işler alnyp barylýar), geljekde dürli hünärmenler tarapyndan ulanylar diýip çaklanylýar.