03.06.2023
1029
Türkmenistan döwletimiziň ekologiýa syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, daşky gurşawy arassa saklamak, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny ylmy taýdan düýpli öwrenmek we olary has-da baýlaşdyrmak möhüm işler bolup durýar.
Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady türkmen halkynyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden hem-de tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden, bu ugurda sebit we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.
Daşky gurşawdaky tebigy deňagramlylygy saklamak halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň wajyp meseleleri bolup durýar. Hormatly Arkadagymyz bu babatda şeýle diýýär: "Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ulgamda hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň has-da ýaýbaňlandyrylmagy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça halkara maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi döwlet ekologiýa syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr."
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkezi talyp ýaşlary, professor mugallymlary we ildeşlerimizi tebigatymyzy goramak maksady bilen, ýurdumyzda ösýän ösümlikleri köpeltmek, şeýle hem seýrek haýwanlary köpeltmek bilen baglanyşykly ylmy we ylmy-barlag işleri şertnama esasda geçirmäge çagyrýar.
Ýerine ýetirilýän ylmy iş netijeli bolmaly we geljekde önümçilige ornaşdyrylmaly.
Habarlaşmak üçin Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkeziniň elektron salgysyna hat ugradyp bilersiňiz:
info@tducentre.edu.tm