03.10.2024
1293
Hormatly Prezidentimiz: «Bu günki gün dünýä ykdysadyýetinde durnukly ösüşi gazanmagyň, ykdysadyýetde we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda netijeliligi ýokarlandyrmagyň esasy şerti hökmünde sanly ulgama geçmek ileri tutulýar. Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin bu biziň ýurdumyzda-da şeýle bolmalydyr».
«Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Türkmenistanda IT ulgamynda bu gün ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda sanly hyzmatlaryň yzygiderli giňeldilmegini, şol sanda web saýtlaryň we mobil goşundylaryň, programma üpjünçilikleriniň işlenip düzülmegini, elektron resminama dolanyşygynyň ýola goýulmagyny, «akylly» tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagyny we beýleki taslamalaryň amala aşyrylmagyny görkezmek bolar.
Sanly ulgamy ösdürmeklik üçin hem TIIM-niň PÝGG-nyň ýol howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmeginde alynyp barylýan işleriniň hilini we netijeliligini has hem ýokarlandyrmak maksady bilen “Sanly barlag planşeti” döretmekligi makul bildik.
Işiň maksady:
|
|
Häzirki wagtda |
Soňky ýagdaý |
|
1. |
Düzgün bozmalary el bilen hasaba almak azyndan15-30 minut dowam edýär. Iki iş edilýär, polisiýa işgäri kagyz protokolyny maglumatlar bazasyna el bilen girizilýär. Maglumatlaryň hasabata iberilmezlik mümkinçiligi bar. |
Wagt tygşytlamak, elektron protokol 3-5 minudyň dowamlylygynda doldurylýar. Awtomatik usulda maglumatlar bazasyna iberilýär. |
|
2. |
Maglumatlar doldurylanda ýoýulýar, ýalňyşlyklar goýberilýär we administratiw hukuk bozmalary kodeksiniň kadalary bozulýar. |
Planşeda düzgün bozujynyň A.A.F girizmek ýeterlikdir, galanlary ulgam üpjün eder. Töleg nyrhy awtomatiki usulda (PÝGGK) berilýär. |
|
3. |
Dolandyryş ýazgylary ýitirilýär, çäklendirmeler, jeza bermek we ýerine ýetirmek bozulýar. |
Elektron protokoly ýitirip ýa-da ýok edip bolmaýar. Ulgam barlag möhletiniň gutarýandygyny awtomatiki usulda alamatlandyrýar. |
|
4. |
Kagyz pratokolyny işlän wagtyňyz düzedip ýa-da goşup bilersiňiz. Korrupsiýanyň ýokary töwekgelçiligi. |
Elektron protokoly sanly gol çekilenden soň redaktirläp ýa-da üýtgedip bolmaz. |
|
5. |
Iş ýüzünde köplenç düzgün bozýanlar jerimeleriň mukdaryny bilenoklar. |
Işe başlamakdan başlap jerime tölenýänçä, SMS we elektron poçta arkaly raýata ähli ýagdaýlar habar berilýär. |
|
6. |
Kwitansiýasyz tölenen jerime yzyna alynmaz. Material sud işgärlerine iberilýär. |
Tölenen jerime döwlet edarasynyň bitewi maglumatlar bazasynda awtomatiki usulda tölenýar. Kwitansiýa tabşyrmagyň zerurlygy ýok. |
|
7. |
Çäklendirmeleriň uzak wagtlap ýatyrylmagy ýaly ýagdaýlar bar. |
Döwlet edaralarynyň, sud igärleriniň we TIIM-niň maglumat bazalarynyň birleşdirilmegi bilen jerime tölenenden soň girizilen çäklendirmeleri awtomatiki usulda aýyrmaga mümkinçilik berýär. |
|
8. |
Jerime ýazylmaklyk az mukdarda. |
Tölenmedik jerimeler onlaýn ýagdaýda görünýär. PÝGG işgäri bergileri raýatlara ýatladýar we düzgün bozujynyň şol ýerde jerimesini tölemek mümkinçiligi bar. |
|
9. |
Sürüjilik şahadatnamanyň ýanyňda bolmazlyk, zeper ýetip ýa-da ýitmek ähtimallygy bar. |
TIIM-niň tassyklamaklygynda elektron sürüjilik şahadatnamanyň ykjam enjamda QR kod görnüşde bolup sürüjä elmydama elýeterli. |
Programmany satyn almak we goşmaça soraglar üçin elektron poçtamyza (info@tducentre.edu.tm) ýüz tutup bilersiňiz.