Şypahanalar sanly ulgamda

image

03.04.2024

1025

         Berkarar döwletin täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe Turkmenistan ýurdumyzda ylym-bilimde, medeniýet-sungatda, saglygy goraýyş we derman senagatynda, sportda we beýleki ugurlarda sanly ulgamy ösdurmekde, şol ugurlary doly we hemme taraplayyn öwrenmekde uly mümkinçilik döredilýär.  Hormatly Arkadagymyzyñ parasatly ýolbaşçylygynda 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda "Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy" kabul edildi. Şol konsepsiýanyñ çäklerinde ýurdumyzyñ ähli edaralary sanly ulgama geçmekligi tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Biz hem şol maksat bilen "Şypahana" saýtymyzy döretmegi makul bildik. Bu saýtymyz Türkmenistan ýurdumyzyñ  ahli şyphanalary öz icine alyar. Onda Şypahananyň kartasy, otaglar ulgamy, ýörite aýratynlygy, içinde döredilýän mümkinçilikler, öňünden otag bellemek, töleg ulgamy, otaglaryn içini wideolar arkaly görmek ýaly dürli mümkinçilikler döretdik.

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şeýle mümkincilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag bolmagyny tutýan tutumly işleriniň mundan-da beýläk rowaç almagyny tüýs yüregimizden arzuw edýäris.

     Ulgam saglygy goraýyş we derman senagat ulgamynda hereket edýän dynç alyş we sagaldyş merkzeleriniň hasabatlary ýöretmekde ulanmak üçin niýetlenen. Bu programma edara işgärleriniň wagtyny tygşytlamak, maglumatlary sanly ulgama geçirmek hem-de dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň otaglaryny bronlamak baradaky doly hasabaty ýöretmek, umumy statistika ýöretmek üçin niýetlenen. Funksional mümkinçilikleri:  

  • Edaranyň ýolbaşçylary üçin aýratyn mümkinçlikler döredilen;
  • Sistema gurluşyna baglylykda islendik çäkdäki ulanyjylar şol bir wagtda işläp bilýär;
  • Ulgamda ulanylýan ulanyjylaryň umumy sany – çäklendirimedik;
  • Ulgamda döredilýän bölümçeleriň umumy sany – çäklendirimedik;
  • Ulgamyň ähli ulanyjylarynyň awtorizasiýasy;
  • Şypahnalar barada maglumatlar;
  • Şypahanalaryň otaglaryny bronlamak;
  • Şypahanalaryň maslahat beriş maglumatlary;
  • Doly awtomatlaşdyrylan hasabat;
  • Girizilen ýa-da üýtgedilen hasabat we belliklere gözegçilik etmek hem-de tassyklamak mümkinçiligi;
  • Ulgamy öwrenmeklik we ulanmaklyk ýeňil;
  • Ulgamyň interfeýsi bölünen: ulanyjylaryň bölümi we dolandyryjynyň bölümi;
  • Ýokary derejede goraglylyk;
  • Ulanyjy bölüme berilen çäklendirmeler;
  • Dolandyryjy ähli ulanyja gözegçilik etmek mümkinçiligi;
  • Bazadaky ähli maglumatlary Dolandyryjy interfeýsinde ýeňillik bilen goşmak we üýtgemek;
  • Umumy hasabat we umumy statistika mümkinçiligi;
  • Maglumatlar bazasyny Excel – dan import etmek mümkinçiligi;

Esasy tehniki häsiýetnamalary

  • Online görnüşde iki sene aralygynda şypahanalara petek almak mümkinçiligi;
  • Elektron hasabatlara we belliklere ýönekeý we kesgitlenen girmek;
  • Ygtyýarlyklara baglylykda  maglumatlara girmek hukuklarynyň çäklendirilmegi;

Programma üçin Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan №223 şahadatnamasy alyndy.

Hukuk eýesi: MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETINIŇ

    TEBIGY WE TAKYK YLYMLAR BOÝUNÇA YLMY-BARLAG MERKEZI

Awtorlary: Şöhradow Şöwket Şöhradowiç, Öwezowa Aýbölek Ýusupowna, Durdyýewa Ogulnabat, Agaýew Eziz Çarymyradowiç, Annamämedow Seýranmämet Dostmämedowiç, Myratlyýew Berdimyrat Orazlyýewiç

Programmany satyn almak we goşmaça soraglar üçin elektron poçtamyza (info@tducentre.edu.tm) ýüz tutup bilersiňiz.