"Stewia rebudiana"

image

07.10.2025

118

Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkezi, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň biologiýa fakultetiniň botanika kafedrasy (mugallym Daňatarowa Bahargül), Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Derman ösümlikleri instituty we Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet merkezi botanika bagy bilen bilelikde Botanika bagynyň synag meýdançasynda Paragwaýyň we Braziliýanyň daglyk sebitlerinde ösýän stewiýa rebudianany ösdürip ýetişdirýär. Tagamy boýunça onuň ýapragy stewiozidi saklaýandygy üçin gantdan 10-15 esse süýjüdir. Onuň düzümine glýukoza, stewiol we beýleki birleşmeler girýär. Stewiozid arassa görnüşde gantdan 300 esse süýjüdir hem-de ol süýjediji hökmünde giňden ulanylýar. Diabet keselinde organizmiň şekere bolan islegini kanagatlandyrýar, ýöne ganda glýukozanyň derejesini ýokarlandyrmaýar. Bu sebäpden süýjili diabet keselliler üçin ýeke-täk tebigy süýjilendiriji hasaplanylýar. Az kaloriýaly, şonuň üçin hem ol sag adamlar üçin gandyň ýerine, aýratyn hem berhizli, semizlikden, ýürek-damar keselinden ejir çekýänler üçin gandyň ýerine ulanylýar. Onuň öz ösýän watanynda ony çaýa ýa-da kofýa goşup içýärler. Bu ösümligi Türkmenistanda ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilikleriň bardygy anyklandy.