03.04.2024
696
Geçen asyrlarda tebigy hadysalaryň we adamyň gatnaşmagynda taryhy we tebigy ýadygärliklere uly zyýan ýetirildi we olaryň birnäçesi tötänleýin ýok edildi. Şonuň üçin ýadygärlikleri öwrenmekde we dikeltmekde öňki çyzylan çyzgylar, fotosuratlar, ýerli ýaşaýjylardan toplanan maglumatlar peýdalanylýar, emma bu usullary peýdalanmak doly maglumatlary almaga mümkinçilik bermeýär. Ýadygärlikleriň doly 3D ölçegli katalogynyň döredilmegi ýadygärliklere gitmezden wirtual giňişlikde syýahat etmäge, taryhy maglumatlary özleşdirmäge, Türkmenistanyň medeni ýadygärliklerini mahabatlandyrmaga, ýadygärlikleri gelejekde tebigy hadysalaryň netijesinde zaýalanan ýagdaýynda-da, öwrenmäge mümkinçilik berýänligidir, aýratyn hem ýurdumyzda sanly ylym ulgamyny ösdürmekde göz öňünde tutulýan wezipeleri çözmäge we amala aşyrmaga itergi berer.
Programmalaryň maksady:
Işleriň ähmiýeti: Ýurdumyzda tebigy we taryhy ýadygärliklerini sanly ulgamyň üsti bilen hasaba almak, öwrenmek hem-de mahabatlandyrmak. Fotogrammetriýanyň netijesinde ýadygärlikleri 3D ölçegli usula geçirmek, olary dolulygyna öwrenmek üçin ýörite programmada wirtual syýahaty gurnamak, ýadygärlikleri konserwasiýa we restowrasiýa işlerini geçirmekde peýdalanmak we geljekki nesiller üçin ýadygärlikleriň häzirki görnüşleriniň 3D ölçegli suduryny ýasap, ýörite sanly katalogy-web sahypasyny döretmekden ybaratdyr.
Işleriň täzeçilligi: Bu iş tehnologiýanyň öňdebaryjy ugry bolan emeli aňyň (intellektyň) kömegi bilen amala aşyrylýar. Taryhy ýadygärlikleri 3D ölçegli usula geçirmeklik öň “AutoCad”, “3D Max”, “Sketchup”, “Unity”, “Houdiny” we beýleki programmalarda sudurynyň çekilmegi bilen ýasalýan bolsa, indi fotogrammetriýanyň kömegi bilen ýerine ýetirmeklik mümkin. 3D ölçegli modelirleme usulynda ýasalan şekiller takyklygy pes bolup, örän köp wagt we zähmet talap edýär, olaryň hakykata laýyklygy juda pes bolýar. “Agisoft” , “Photoscan”, “Meshroom”, “Photo Model Premium” “Zephyr” “Autodesk ReCap” we beýleki programmalar emeli aň (intelekt) esasynda obýektyň düşürilen suratlaryny bulut tehnologiýasyny döretmek bilen birleşdirip, sudury emele getirýär. Netijede, obýektiň takyk ölçeglerine laýyk asyl gurluşy (tekstura) bilen şekili ýasamaga mümkinçilik berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen türkmen halkynyň baý medeni mirasyny öwrenmäge uly üns berilýär. Türkmen halkynyň döreden mirasy, maddy-ruhy gymmatlyklary dünýäniň medeni hazynasynda aýratyn orna eýedir. Şu nukdaýnazardan ýurdymyzda ähli pudaklaryň sanly ulgama geçirilmegi bilen täze tehnologiýalary kämil usullar ornaşdyrylýar. Bilim ulgamynda hem okuw maksatlary üçin wirtual giňişligi ulanmaklyk giň gerime eýe boldy. Türkmenistan gadymy döwletleriň dörän ojagy bolup, özünde köp ýadygärlikleri miras galdyrdy. Bu ýadygärlikleri diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem dünýäniň beýleki künjeklerinde-de mahabatlandyrmak we türkmen taryhyna bolan gyzyklanmany artdyrmak üçin wirtual syýahaty gurnamak möhümdir.
Programma üçin Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan №224 şahadatnamasy alyndy.
Hukuk eýesi: MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETINIŇ
TEBIGY WE TAKYK YLYMLAR BOÝUNÇA YLMY-BARLAG MERKEZI
Awtorlary: Orazow Döwlemyrat Annamyradowiç, Bäşimow Arslan Şöhradowiç, Astanow Atael Ferruhowiç
Programmany satyn almak we goşmaça soraglar üçin elektron poçtamyza (info@tducentre.edu.tm) ýüz tutup bilersiňiz.