Roman-German we Gündogar dilleri fakultetiniň talyplary bilen bilelikdäki döredilen sözlük

image

12.06.2023

1001

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkezi Roman-German we Gündogar dilleri fakultetiniň talyplary bilen bilelikde DILEWAR atly elektron sözlügi işe goýberildi. Oňa degişlilikde Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan №346 belgili EHM üçin Programmanyň şahadatnamasy alyndy.

Hukuk eýesi: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkezi.

Programmanyň awtorlary: Hojaýew Akmämmet, Isaýew Nurmyrat, Şamyradow Atajan.

Hojaýew Akmämmet 2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda geçirilen "Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady" atly ylmy taslamalaryň Sergi bäsleşiginde Dilewar atly programma üpjünçiligi bilen gatnaşyp I orna mynasyp boldy.

Programmany satyn almak we goşmaça soraglar üçin elektron poçtamyza (info@tducentre.edu.tm) ýüz tutup bilersiňiz.

     Programmany Play Market-den ýükläp bilersiňiz.
png