Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan №307 EHM üçin programmanyň şahadatnamasy alyndy. Programmanyň ady “QR-Face elektron hasabat”. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi bilen bilelikde bu programma degişli enjamyň üstünde işler alnyp barylýar.
Hukuk eýesi: MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETINIŇ
TEBIGY WE TAKYK YLYMLAR BOÝUNÇA YLMY-BARLAG MERKEZI
Awtorlary:
Agaýew Eziz
Gurbangulyýew Geldimyrat
Babaýew Isa
Annamämmedow Seýranmämmet
Myratlyýew Berdimyrat
Ulanylýan pudagy: Ulgam esasan islendik jemgyýetçilik ulgamynda edara ýolbaşçylarynyň işgärleri baradaky bellikleri we hasabatlary ýöretmekde (esasan hem bilim ulgamynda : ýokary okuw mekdeplerinde, orta hünär okuw mekdeplerinde, orta mekdeplerde)
Wezipesi: Edara işgärleriň gündelik işe wagtly wagtynda ýetişigi baradaky doly hasabaty ýöretmek. Işgärleriň özüni alyp baryşy barada bellikleri hasaba almak we doly hasabaty uzak wagtlaýyn saklamak, islendik wagt görüp bilmek. Umumy statistika ýöretmek.
Funksional mümkinçilikleri:
- Edaranyň ýolbaşçylary üçin aýratyn mümkinçlikler döredilen
- Sistema gurluşyna baglylykda islendik çäkdäki ulanyjylar şol bir wagta işläp bilýär
- Ulgamda ulanylýan ulanyjylaryň umumy sany – çäklendirimedik
- Ulgamda döredilýän bölümçeleriň umumy sany – çäklendirimedik
- Ulgamyň ähli ulanyjylarynyň awtorizasiýasy
- Kagyz resminamalarynyň elektron arhiw bolmagy
- Gerekli raýat barada maglumatlary çalt gözläp tapmak
- Hasabatlaryň döwürleri we görnüşleri boýunça hasabaty tiz emele getirmek mümkinçiligi
- Doly awtomatlaşdyrylan hasabat
- Girizilen ýa-da uýtgedilen hasabat we belliklere gözegçilik etmek we tassyklamak mümkinçiligi
- Ulgamy öwrenmeklik we ulanmaklyk ýeňil
- Ulgamyň interfeýsi bölünen : ulanyjylaryň bölümi we dolandyryjynyň bölümi
- Ýokary derejede goraglylyk
- Ulanyjy bölüme berilen çäklendirmeler. Dolandyryjy ähli ulanyja gözegçilik etmek mümkinçiligi
- Bazadaky ähli maglumatlary Dolandyryjy interfeýsinde ýeňillik bilen goşmak pozmak we üýtgemek
- Umumy hasabat we umumy statistika mümkinçiligi
- Maglumatlar bazasyny Excel – dan import etmek mümkinçiligi
Esasy tehniki häsiýetnamalary
Authorizasiýa bilen ulanyjylary dolandyrmak
Köp derejede agram salmada we maglumatla binýadynyň köpelmeginde ýokary öndürijilik
Elektron hasabatlara we belliklere ýönekeý we kesgitlenen girmek
Ygtyýarlyklara baglylykda maglumatlara girmek hukuklarynyň çäklendirilmegi
Ähli maglumatlary gerekli bolan halatynda enjamyň öz içinde saklamak, ýagny enjamyň özi serwer hem bolup bilýär
Programmany satyn almak we goşmaça soraglar üçin elektron poçtamyza (info@tducentre.edu.tm) ýüz tutup bilersiňiz.




Enjamy sargamak üçin merkeziň elektron poçtasyna hat ýollaň ýa-da telefon arkaly habarlaşyň.