03.10.2024
1413
Wirtual himiýa programma üpjünçiligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň amaly, tejribe we okuw sapaklarynda ulanmak bolar. Bu programma 3 dilde işleýär: türkmen, rus we iňlis. Programma üpjünçiligimizde 3D görnüşindäki ölçeg kolbalar, ph-metr enjamly, mufel peçi, analitiki terezili, guradyjy şkafly, reaktiwleri goýulýan şkaf, halat şkafly we interaktiw tahtaly tejribehana bar, onda himiki tejribe geçirip bolýar. Şeýle hem sorag-jogaplar bölümi, 2D görnüşindäki Mendeleýewiň periodik tablisasynyň oýunyň üsti bilen öwredýän bölümi, himiýanyň tejribehanalarynda işlemegiň howpsuzlyk düzgünleri we şekilli bölümi bar. Motor üç ölçegli (3D) we iki ölçegli (2D) oýunlary, şeýle hem interaktiw simulýasiýalary we beýleki tejribeleri döretmek üçin ulanylyp bilner. Himiýany animasiýaly, üç ölçegde we gyzykly görnüşde öwrenmek isleýän ulanyjylar (öwrenijiler) şeýle hem talyplar we okuwçylar üçin niýetlenendir. Programma üpjünçiligimizde birnäçe tejribehanalar bolup, olaryň her biriniň içinde hereket edip, ulanmak üçin niýetlenen gurallary saýlap alyp, dürli tejribeleri geçirip bilersiňiz. Bu taslamada diňe tejribe geçirmek bilen çäklenmän, ulanyjylar sorag-jogap oýunlary arkaly bu ugurda öz bilimlerini artdyryp bilerler.
Kompýuter programmasynyň göwrümi 220 Mb.
Programma üçin Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan №342 EHM üçin programmanyň şahadatnamasy alyndy.
Hukuk eýesi: MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETINIŇ
TEBIGY WE TAKYK YLYMLAR BOÝUNÇA YLMY-BARLAG MERKEZI
Awtorlary: Ýazbaýew Gurbanberdi, Saparow Batyrguly
Programmany satyn almak we goşmaça soraglar üçin elektron poçtamyza (info@tducentre.edu.tm) ýüz tutup bilersiňiz.








