Ekerançylyk meýdanlaryny sanly kartalaşdyrmagyň we distansion spektral monitoringyň hasyllygy ýokarlandyrmakdaky ähmiýeti

image

10.05.2023

1501

     Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan №043 awtorlyk hukugynyň obýektine degişli bolan eseriň döwlet tarapyndan hasaba alnandygy barada şahadatnamasy alyndy. Awtorlyk hukuga degişli eseriň ady “Ekerançylyk meýdanlaryny sanly kartalaşdyrmagyň we distansion spektral monitoringyň hasyllygy ýokarlandyrmakdaky ähmiýeti” ("Exactfarming" programma üpjünçiligiň esasynda)

Hukuk eýesi: MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETINIŇ
                        TEBIGY WE TAKYK YLYMLAR BOÝUNÇA YLMY-BARLAG MERKEZI

Awtorlary:
Hudaýnazarow Serdar
Şamyradow Atajan

Eseriň ähmiýeti: 

     Hormatly Prezidentimiziň görkezmelerine laýyklykda oba hojalyk pudagynda her gektar ýeriň hasyllygyny artdyrmak, ýerden netijeli peýdalanmak, pudaga dünýä tejribelerini we ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak, azyk bolçulygyny döretmek, dolandyryşyň sanly elektron ulgamyna geçmek, hünär bilimini ösdürmek, halkara tejribesini öwrenmek hem-de maslahat beriş hyzmatlaryny giňeltmek boýunça maksadalaýyk işler alnyp barylýar.

         Häzirki zaman ylmynyň, tehnikanyň we innowasiýalaryň ösýän döwründe ähli ugurlarda döwür bilen aýakdaş gitmek, hususanda oba hojalyk pudagyny döwrebap täze usullar arkaly dolandyrmak hem-de ösdürmek, diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem bütin dünýäde esasy derwaýys meseleleriň biri hökmünde garalýandygyny aýtsak ýalňyşmarys. Oba hojalyk pudagyny sanly ulgama geçmegiň ähmiýeti bolsa, adamyň el güýjüne edilýän agramyň azalyp, ençeme uly ekin meýdanlaryny bir wagtda dolandyrmak mümkinçiliginiň bardygyndadyr.

         Ylmy işde ýurdumyzyň tebigy şertlerine görä ekerançylyk meýdanlaryndaky medeni ösümliklere esasan hem güýzlük bugdaýlara uzak aralykdan spektral gözegçilik geçirmek işleri amala aşyryldy. Uzak aralykdan spektral gözegçilik işlerini geçirmekde “Exactfarming” (takyk ekerançylyk) programma üpjünçiliginiň käbir mümkinçiliklerinden peýdalanyldy. Programma üpjünçiligi ösümlikleriň wegetasiýa indeksini hasaplamakda Ýewropanyň kosmiki agentligi tarapyndan 2015-nji ýylda uçurylan “Sentinel-2A” we 2017-nji ýylda ikinji gezek uçurylan “Sentinel-2B” atly emeli hemralaryň multispektral kanallarynyň maglumatlaryndan peýdalanýar. Her 3-5 günden öwrenilýän ýeriň üstüniň spektral maglumatlarynyň täzelenen görnüşini, Moskwanyň K. A. Timirýazewa adyndaky Oba hojalyk akademiýasy bilen ylalaşygyň esasynda alnyp, seljerme işleri geçirildi. “Exactfarming” awtomatiki ýagdaýda NDVI (Normalized difference vegetation index) ösümlikleriň kadalaşdyrylan dürli wegetasiýa indeksini, EVI (Enhanced Vegetation Index) ösümlikleriň ýokarlandyrylan wegetasiýa indeksini, NDMI (Normalized difference moisture index) toprakda we ösümliklerde çyglylygyň derejesini kesgitleýän indeksi, MSAVI2 (Modified Soil-Adjusted Vegetation Index) toprak görnüşleriniň üýtgemelerini kesgitleýän birnäçe indekslerini hasaplamaga mümkinçilik berýär.

         Bu ylmy usul arkaly 2020-nji ýyldan bäri ýurdumyzyň Halaç etrabynyň çäginde ýerleşen 14,92 gektar güýzlük bugdaý meýdanynyň elektron kartasy döredilip, synag görnüşinde uzak aralykdan emeli hemra maglumatlary arkaly spektral gözegçilik etmek we seljermek işleri dowam edip gelýär. Gözegçilik edilýän dolandyryş merkezi Aşgabat şäheri, emma synag geçirilýän ekin meýdanlary bolsa, 577 km uzaklykda ýerleşen Halaç etrabynyň çägindäki bugdaý meýdanlarydyr. Gözegçilik etmek we beýleki birnäçe dolandyryş hem-de seljeriş işlerini ekin meýdanlarynyň golaýyna barmazdan, merkezden her 3-5 günden amala aşyryldy. Gözegçilik işleri bugdaý ekilenden, tä hasyl ýygnalýança hem-de indiki ekin dolanşyklarynda-da yzygiderli dowam edýär.

Distansion usullar arkaly Ýeriň üstündäki maglumatlary almak

surat 1. Distansion usullar arkaly Ýeriň üstündäki maglumatlary almak

         Synag geçirilýän bugdaý meýdanynda ýüze çykýan gündelik üýtgeşmeleri netijeli seljerme bermekde, programma üpjünçiligindäki NDVI, EVI, NDMI we MSAVI2 wegetasiýa indeksleriniň, dürli wagtlarda emeli hemradan alnan spektral maglumatlarynyň bilelikdäki tablissasyny düzmek bilen maglumatlary deňeşdirmek arkaly seljerme işleri geçirildi. Deňeşdirme wagtynda her bir spektral maglumatlaryň alnan wagty, howa şertleri, haçan, nähili şertlerde, haýsy ekinleriň ekilýändikleri, spektrleriň häsiýetleri, wegetasiýa indeksleriniň görnüşleri boýunça göz öňüne tutulyp, giňişleýin öwrenildi. Bu ylmy işiň 2,5 ýyldan gowrak wagt bäri yzygiderli gözegçilik edilip gelinmegi bolsa, biziň ýurdumyzyň tebigy şertlerine görä her bir medeni ösümliklerden alnan spektral maglumatlara takyk seljerme bermeklige mümkinçilik döretdi. Sebäbi her bir ösümlikleriň spektral häsiýetleri olaryň geografiki ýerleşişine we tebigy şertlerine görä belli bir derejede üýtgäp bilýär.

Ekilen güýzlük bugdaýlaryň ösüşine yzygiderli distansion gözegçilik etmek we NDVI maglumatly elektron kartasyny deňeşdirmek

surat 2. Ekilen güýzlük bugdaýlaryň ösüşine yzygiderli distansion gözegçilik etmek we NDVI maglumatly elektron kartasyny deňeşdirmek

        Umuman bu usul arkaly, ýurdumyzyň islendik bir nokadyndan bir wagtda uzak aralykda ýerleşen birnäçe ekerançylyk meýdanlaryna ýa-da bölekleýin uly ekin meýdanlaryna (iri daýhan hojalyklaryna) her 3-5 günden yzygiderli uzak aralykdan spektral gözegçilik işleri amala aşyrmak bilen, ösümlikleriň kadaly ösüş ýagdaýyna, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda talabalaýyk alnyp barlyşyna we beýleki meselelere gözekçilik edip bermek hyzmatynyň mümkinçiliklerini hem ele alyndy.

Alnan NDVI maglumaty we bugdaý meýdanynyň hakyky ýagdaýy

surat 3. Alnan NDVI maglumaty we bugdaý meýdanynyň hakyky ýagdaýy

Bugdaý hasyly ýygnalandan soňky ekinlere seljerme bermek

surat 4. Bugdaý hasyly ýygnalandan soňky ekinlere seljerme bermek

Dürli wagtda alnan NDVI,NDMI, EVI, MSAVI2 wegetasiýa indeksleriniň maglumatlaryny deňeşdirmek

surat 5. Dürli wagtda alnan NDVI,NDMI, EVI, MSAVI2 wegetasiýa indeksleriniň maglumatlaryny deňeşdirmek