Gan bank we donorçylyk

image

03.04.2024

1185

     “Gan Bank we Donorçylyk” atly web sahypamyzy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna degişli bolup, halk arasynda gan ýetmezçilginiň öňüni almak üçin niýetlenen.

     Web sahypamyz baş sahypa, täzelikler, donor bol, donor gözle we habarlaşmak ýaly bölümlerden durýar. Isledik raýat bu web sahypa girip, zerur gan toparyna degişli bolan donory aňsatlyk bilen tapyp biler. Baş sahypa bölüminde saglyk ulgamyna degişli, ýagny gan toparlary barada  maglumatlar we peýdaly maslahatlar ýerleşdirilendir. Ondan başga-da täze ýazylan donorlaryň maglumatlaryny baş sahypamyzda ýerleşdirilendir. Islendik raýat donorlar barada maglumatlar bilen tanyşyp biler. Mundan başga-da bu saýtda ähli gan-bank merkezlerini bir ýere jemeldik. Web sahypamyzyň Täzelikler bölümi ýurdumyzda saglyk ulgamyna degişli bolup geçýän birnäçe täzelikleri jemleýär. Donor bol bölümi 

donor bolmak üçin onlaýn registrasiýa bolup, ýurdumyzyň raýatlaryna zerur bolan gany bermek üçin niýetlenen. Donory gözlemek bölüminde islendik raýat özüne gerek bolan gan toparyna degişli donory tapyp bilýär. Gan toparyny gözlemek aňsatlyk bilen amala aşýarylýar. Taslamamyzyň habarlaşmak bölümi gan merkezine özleriniň habarlaryny ugratmak üçin niýetlenendir.

     Bu taslama iş gan merkezlerindäki kagyz magulatlary aradan aýryp, sanly ulgama geçirmek, raýatalaryň, lukmanlaryň wagtyny tygşytlamak we saglygy goraýyş ulgamyna degişli birnäçe täzeliker, maglumatlar we lukmanlaryň peýdaly maslahatlar bilen tanyşmak üçin niýetlenendir. Geljekde bu web sahypamyzy giňeldip içine dermanhanalary goşmak, android, ios we kompýuterler üçin niýetlenilen görnüşlerini çykarmak meýilleşdirýäris.

Programma üçin Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan №222 şahadatnamasy alyndy.

Hukuk eýesi: MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETINIŇ

    TEBIGY WE TAKYK YLYMLAR BOÝUNÇA YLMY-BARLAG MERKEZI

Awtorlary: Şöhradow Şöwket Şöhradowiç, Öwezowa Aýbölek Ýusupowna, Agaýew Eziz Çarymyradowiç

 

Funksional mümkinçilikleri:  

  • Edaranyň ýolbaşçylary üçin aýratyn mümkinçlikler döredilen;
  • Sistema gurluşyna baglylykda islendik çäkdäki ulanyjylar şol bir wagta işläp bilýär;
  • Gan toparlaryny we donorlary aňsatlyk bilen gözlemek;
  • Donorlary aňsatlyk bilen hasaba almak;
  • Ulgamda ulanylýan ulanyjylaryň umumy sany – çäklendirimedik;
  • Ulgamda döredilýän bölümçeleriň umumy sany – çäklendirimedik;
  • Ulgamyň ähli ulanyjylarynyň awtorizasiýasy;
  • Kagyz resminamalarynyň elektron arhiw bolmagy;
  • Gerekli raýat (donor) barada maglumatlary çalt gözläp tapmak;
  • Doly awtomatlaşdyrylan hasabat;
  • Girizilen ýa-da uýtgedilen hasabat we belliklere gözegçilik etmek we tassyklamak mümkinçiligi;
  • Ulgamy öwrenmeklik we ulanmaklyk ýeňilligi;
  • Ulgamyň interfeýsi bölünen: ulanyjylaryň bölümi we dolandyryjynyň bölümi;
  • Ýokary derejede goraglylyk;
  • Ulanyjy bölüme berilen çäklendirmeler. Dolandyryjy ähli ulanyja gözegçilik etmek mümkinçiligi
  • Bazadaky ähli maglumatlary Dolandyryjy interfeýsinde ýeňillik bilen goşmak pozmak we üýtgemek;
  • Umumy hasabat we umumy statistika mümkinçiligi;
  • Maglumatlar bazasyny Excel – dan import etmek mümkinçiligi.

Programmany satyn almak we goşmaça soraglar üçin elektron poçtamyza (info@tducentre.edu.tm) ýüz tutup bilersiňiz.