Aşgabat şäheriniň bezeg gülli ösümlikleri

image

03.04.2024

925

     Aşgabat şäheriniň bezeg gülli ösümlikleri web programmasyny internet toruna birigen enjamlarda görüp bolar.

Funksional mümkinçilikleri:  

  • Türkmenistanyň çäginde ösdürilip ýerleşdirilýän bezeg ösümliklerini aňsat we elýeterli görmek;
  • Bu web sahypanyň kömegi bilen ýaş çagalaryň we okuwçylaryň aňyny has-da ösdürmek we olarda jadylaýjy täsir galdyrmak;
  • Web sahypadaky maglumatlar diňe bir ösümlikler bilen bagly bilimi bolan adamlar üçin däl-de ähli adamlara düşnükli dilde berilmegi;
  • Okuw prosesinde maglumatlary giňişleýin öwrenmek;
  • Talyplara okuw gollanma hökmünde peýdasy uly;
  • Syýahatçylygy ösdürmekde Aşgabat şäherimize görk goşýan ösümlikler doly we takyk maglumatlaryň üsti bilen berilýär;
  • Mobil enjamlaryň kömegi bilen programmany ulanmak mümkünçiligi;
  • Kompýuteriň kömegi bilen programmany ulanmak mümkünçiligi.

Programma üçin Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan №218 şahadatnamasy alyndy.

Hukuk eýesi: MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETINIŇ

                      TEBIGY WE TAKYK YLYMLAR BOÝUNÇA YLMY-BARLAG MERKEZI

Awtory: Aksakalow Baýramgeldi Atajanowiç

Programmany satyn almak we goşmaça soraglar üçin elektron poçtamyza (info@tducentre.edu.tm) ýüz tutup bilersiňiz.