Sanly tehnologiýanyň kömegi bilen Arkadag ýyldyzyny öwrenmek (VR + Windows Application)

image

17.04.2025

724

Asman jisimlerini öwrenýän Kosmos-Ýer jemgyýetiniň alymlary Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de bu şähere bolan guwanjyň we buýsanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýdular. Bellenilişi ýaly, türkmenistanlylary ýyldyz baradaky maglumat bilen tanyşdyrmak maksady bilen, asman jisimine «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamany, şeýle-de teleskopy we onuň düşüren suratlaryny Türkmenistanyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurmak barada çözgüt kabul edildi. Biz hem bu ägirt uly waka goşant goşmak maksady bilen älem giňişligine wirtualny syýahat etmek we ol ýerdäki asman jisimleri bilen tanyşmak maksady bilen “Sanly tehnologiýanyň kömegi bilen Arkadag ýyldyzyny öwrenmek” atly öz işimizi döretdik.

 

Ullanylýan ugry (ýeri), maksady we funksional mümkinçilikleri: Berkarar Döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2024-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň 1 ýyllygy mynasybetli Russiýanyň “Älem we Ýer” atly kosmos merkeziniň tapan ýyldyzyna Arkadag diýip at goymagyndan ugur alyp Arkadag ýyldyzyny we älem giňişligindäki ýyldyzlary we planetalary hasda ýakyndan we täsirli öwrenmek maksady bilen biz bu simulýatorymyzy döretdik . Bu programma diňe bir kompýuterlerde ulanmak mümkinçiligi bolman eýsem ony VR enjamynda ulanmak mümkindir.

Funksional mümkinçilikleri:   

    • Ähli programmany ulanyjylara Arkadag ýyldyzyny ýakyndan tanatmak we ol barada maglumatlary bermek.
    • Wirtual syýahatyň kömegi bilen älem giňişligini we ondaky jisimleri ýakyndan öwrenmek we olar barada maglumat almak.
    • Bu programmany ulanyjylara maddy we wagt taýdan tygşyklylyk döretýä .
    • Okuw prosesinde atranomiýa dersinde giňden peýdalanmak.
  • Kompýuteriň kömegi bilen programmany ulanmak mümkünçiligi
  • VR äýnekleriň üsti bilen wirtual syýahat guramak mümkünçigi
  • Offline görnüşde programmany ulanmak mümkünçiligi
  • Astranomiýa dersinde tejribehanalarda ylmy çeşme hökmünde multimediýa tagtalarynda ulanmak mümkinçiligi

Programmany satyn almak we goşmaça soraglar üçin elektron poçtamyza (info@tducentre.edu.tm) ýüz tutup bilersiňiz.

Programma üçin Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan №703 şahadatnamasy alyndy

Programmany satyn almak we goşmaça soraglar üçin elektron poçtamyza (info@tducentre.edu.tm) ýüz tutup bilersiňiz.