1996-njy ýylda Türkmen döwlet uniwersitetiniň binýadynda "Issledowatel" (Исследователь) merkezi döredilýär. Bu merkez ylmy abzallara hyzmat etmek üçin 1996-njy ýylyň noýabr aýynyň 13-ne rektoryň №239/1 belgili karary bilen döredilýär. Merkeze Wladimir Nikolaýewiç Kalganow ýolbaşçylyk edýär.
1997-nji ýylyň ýanwar aýynyň 9-na Türkmenistanyň Bilim ministriniň №1 karary bilen bu merkez Analitik abzalaryň hyzmat ediş merkezine öwürilýär. (Aşgabat şäher häkiminiň 29.01.97ý. sene bilen №172 karary esasynda ýuridiki şahs diýip kabul edilýär). Bu merkeziň maksady ýokary okuw mekdebiň kuwwatyndan peýdalanmak we talyplary abzaly işlere çekmek.
1998-nji ýylda Analitik abzalaryň hyzmat ediş merkeziniň düzümine "Lingwa" dil merkezi goşulýar we şol ýylda bilim işlerini geçirmek üçin ygtyýarnama alynýar.
Bilim beriş işlerini ýokarlandyrmak maksady bilen Analitik abzalaryň hyzmat ediş merkezi 2000-nji ýylyň maý aýynyň 11-ne "Gözleg" ylym-bilim merkezi diýilip atlandyrylýar. Şol döwürde eýýäm Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň "Gözleg" ylym-bilim merkezi Türkmenistanyň ilatynyň isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilip, bilim bermek, önümçilik, ylmy işi, kompýuter taýýarlygy, daşary ýurt dillerini öwretmek ýaly ugurlar boýunça iş alyp bardy.
2021-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň "Gözleg" ylym-bilim merkezi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň buýrugy esasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkezi diýip atlandyryldy. Merkez bilim bermek işini we ylmy işler bilen meşgullanmak üçin, uniwersitetiñ professor mugallymlary bilen talyplary dürli ylmy işlere çekmek hem-de gurnamak üçin niýetlenen.
Häzirki wagt merkez oýlap tapyşlary we ylmy açyşlary bolan höwesjeň raýatlara intellektual eýeçiligi bilen baglanyşykly resminamalary almak, ylmy seljermeleri geçirmek, ýolbeletlik işlerini alyp barmak hyzmatyny hem hödürleýär.
TEBIGY WE TAKYK YLYMLAR BOÝUNÇA YLMY-BARLAG MERKEZI
Programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak hem-de serwerler toplumuny we tor enjamlaryny gurnamak, düzmek, tehniki hyzmatlary etmek işini hödürleýär. (TMK ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi Ygtyýarnama №1-22-20-141)
TEBIGY WE TAKYK YLYMLAR BOÝUNÇA YLMY-BARLAG MERKEZI
Türkmen, rus, iňlis, nemes, fransuz, italyan, arap, pars, türk, hytaý dilleri boyunca terjime işlerini alyp barýar

Tel.: (+99312) 94-51-55
Faks: (+99312) 94-51-62
Mobil: (+99365) 80-15-08
(+99365) 80-15-07
Email: info@tducentre.edu.tm
Salgysy: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň I okuw binasy 29-njy otag