VR-AR tehnologiyalary

image

06.05.2025

320

        Türkmenistan ýurdumyzyň alyp barýan içerki we daşarky syýasaty şu günlerki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ägirt uly itergi berýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary pajarlap ösýär, ylymda we bilimde düýpli özgerişler dowam edýär. Bilim edaralary häzirki zaman ösen tehniki serişdeler, şol sanda kompýuterler bilen doly abzallaşdyrylýar.

     Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilimde amala aşyrylýan düýpli täzelenişlere, uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli maksatnamalara täze badalgalar berilýär.  Wirtual (VR) we goşmaça hakykat (AR) bilimde uly ähmiýete eýedir. VR tehnologiýasy okuwy has gyzykly we täsirli edýär. Talyp bilim alýan pursatynda özüni şol gurşawa salyp bilýär (meselem, taryhy ýerlere syýahat, adam anatomiýasyny içgin öwrenmek). Lukmançylyk okuwlarynda wirtual operasiýalar ýerine ýetirmek mümkin. Inženerler we gurluşykçylar 3D model arkaly taslamalary analiz edip bilýärler. AR tehnologiýasy kitaplaryň we okuw materiallarynyň interaktiw bolmagyna kömek edýär. Adam beýni wizual materiallary has çalt we täsirli ýatda saklaýar. Talyplar islendik ýerden wirtual synpa girip bilerler.  Tejribeler bilen uzakdan öwrenmek mümkinçilikleri artýar.

     Bu tehnologiýalar geljekde bilim ulgamyny düýpgöter üýtgedip, has interaktiw we elýeterli eder.

Okuw jemi 75 sagat

Her topardaky diňleýjileriň sany 10-12 adamdan ybarat

Okuw tamamlandan soňra diňleýjiler alan bilimlerini öz hünär işinde ulanyp bilýär.

Okuwlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary okadýar.

Okuwlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň çäginde sagat 17:00 dan soň gurnalýar. 

Okuwyň tölegi (75 sagat üçin) 1 500 manat. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar.