Umumy pedagogika we pedagogik psihologiýa

image

06.05.2025

315

       Gahryman Arkadagymyzyň: “Bilimleri we ylymlary durmuş ýörelgesine öwürmek,    eziz    Watanymyzyň    şan-şöhratyny    äleme ýaýmak   merdana   ata-babalarymyzyň arzuw eden Berkarar döwletiniň geljekdäki eýeleri bolan ýaşlarymyzyň baş maksady bolmalydyr” diýen sözlerinden ugur alyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaşlara döwrebap bilim, ylym, ata- babalarymyzyň ajaýyp däpleri esasynda edep-terbiýe bermäge, ösen aň-düşünjeli, ýokary ahlakly, watansöýüji, belent adamkärçilikli, işjeň, ruhubelent nesilleri kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu wajyp wezipäni durmuşa geçirmekde pedagogika we psihologiýa ylmynyň orny örän uludyr.

     Türkmenistanyň bilim pudagynyň we bilim edaralarynyň öňünde goýlan möhüm wezipelerinden we olary ýerine ýetirmek boýunça berlen tabşyryklardan ugur alyp, bilim edaralarynyň mugallymçylyk hünärine degişli ýaş hünärmeniň bilmeli we öwrenmeli meselelerini, pedagogikanyň we psihologiýanyň talap edýän başarnyklaryny, sanly kompýuterde işläp bilmek, amaly işewürlik ukyplaryny ösdürmek, döwrebap derejede kämilleşdirmek üçin zerur bolan bilimleriň, endikleriň gysga wagtyň içinde öwredilmegini göz öňünde tutup, Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkezi tarapyndan taýýarlanylan Umumy pedagogika we pedagogik psihologiýasy okuwy boýunça okuwlary geçmegi maksadalaýyk hasap edildi.

     Harby gulluga seçgi we beýleki jemgyýetçilik ulgamlarda işlejek hünärmenlere gysga möhletleýin pedagogik-psihologik taýýarlygyny geçmek zerurlygy ýüze çykýar. Bu ugurda öz günübirin çözgüdine garaşýan meseleleriň biri okaýan şahsyýetde okuwa işjeň höwes-meýilleri döretmek, olary bilim özleşdirilişiň içki aň ýetiriş usullary bilen ýaraglandyrmak, okatmagy öz bilimiňi artdyrmaga, terbiýäni öz-özüňi terbiýelemäge öwürmek, başanyklaryny kemala getirmekdir.

     Ýaş nesle ylym-bilim, terbiýe bermekdäki esasy wezipe pedagogikanyň paýyna düşýär. Pedagogikanyň esasy maksady sazlaşykly ösen şahsyýeti kemala getirmekden ybaratdyr.

     Okuwlaryň netijeliligi berilýän bilimiň, başarnygyň derejeleri bilen ölçenilmelidir. Okuwlaryň dowamynda diňleýjiler öz öňünde maksat goýmak, ýumuşlary çözmek, edebiýat çeşmeleri bilen işlemek, olary seljermek, görkezme esbaplardan, tehniki serişdelerden ýerlikli we döredijilikli peýdalanmak ýaly esasy başarnyklara eýe bolmalydyr.

     “Umumy pedagogika we pedagogik psihologiýasyokuwynyň okuw maksatnamasynda berlen temalaryň mazmunynda şahsyýetiň aňyýet aýratynlyklary baradaky maglumatlar, adam aňyýeti we onuň ösüş ýollary baradaky düşünjeler beýan edilýär. Şahsyýetiň duýup, kabul etmeleriniň, ýadynyň, pikirlenmesiniň we sözleýşiniň, hyýala getirmeleriniň, erkiniň we duýgularynyň dürli derejeleri öwredilýär. Maksatnama geljekki kämil şahsyýeti terbiýelemekde dürli usullaryny, tärlerini dogry saýlap almagy we olary döredijilikli peýdalanmagy öwreder.

     “Umumy pedagogika we pedagogik psihologiýasy” okuwy şeýle amaly zerurlyklary kanagatlandyrmak bilen bir hatarda giň halk köpçüliginiň pedagogika we psihologiýa ylymlary bilen gyzyklanýanlaryň, olaryň esaslary bilen tanyşmakçy bolýan raýatlar üçin niýetlenendir.

     Diňleýjilere   pedagogikanyň   we   psihologiýanyň  maksady,  wesipeleri,  ylmy-barlag usullary, terbiýeçilik işiniň düzümi, esasy ugurlary, inçe tilsimlerini, okatmagyň we terbiýelemegiň usullaryny, terbiýäniň görnüşleriniň üsti bilen terbiýelemek, mekdep biliminiň mazmuny, okuw maksatnamalar, meýilnamalar we kitaplar bilen işlemegiň usullaryny, dünýä derejesindäki okatmagyň häzirki zaman usullaryny, tärlerini öwretmek göz öňünde tutulan.

    Okuw jemi 201 sagat bolup, ol 3,5 aý dowam edýär. Her sapak 3 okuw sagat dowam edýär. Okuw kursunyň dowamynda aralyk we ahyrynda gutardyş barlagnama (test) geçirilýär.

     Maksatnama halk hojalygynyň dürli pudaklarynda psihologik-pedagogik gullugy ýörite hünärmen taýýarlyksyz alyp barýan ýokary bilimlilere, şeýle hem bu ylym, hünäre höwes bildirýän giň halk köpçüligine niýetlenendir.

Okuwy doly tamamlananlara “Umumy pedagogika we pedagogik psihologiýa” boýunça 201 sagatlyk kursy üstünlükli tamamlandygy barada şahadatnama berilýär.

Okuwlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary okadýar.

Okuwlar türkmen dilinde okadylýar.

Okuwlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň çäginde sagat 17:00 dan soň gurnalýar. 

Okuwyň tölegi (201 sagat üçin) 2 200 manat. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar.


Bellik:

Umumy pedagogika we pedagogik psihologiýa kursy mugallymçylyk işi bilen meşgullanmaga hukuk berenok. 

Gaýry hünärler boýunça diplom alan raýatlar diňe öz ugry, hünäri boýunça degişli edarada işläp bilerler.

Öz ugry, hünäri boýunça mugallymçylyk etmäge isleg bildirýän raýatlar Türkmenistanyň Bilim hakynda kanunyna (rejelenen görnüşi, 47-nji madda) laýyklykda bu işi amala aşyrmalydyrlar.