Türkmenistanyň zähmet hukugynyň esaslary

image

06.05.2025

323

     Garaşsyz ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly möhüm hukuk namalary yzygiderli kabul edilýär. 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Bilim hakyndaky resminamalaryň döwlet nusgalarynyň görnüşlerini tassyklamak hakynda” 2018-nji ýylyň 24-nji martyndaky 714 belgili kararynyň kabul edilmegi, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 20-nji martyndaky 13552 belgili karary bilen tassyklanylan “Döwlet  başlangyç hünär bilimi edaralary hakynda”, “Döwlet orta hünär bilimi edaralary hakynda”, “Döwlet ýokary hünär bilimi edaralary hakynda” Düzgünnamalaryň dolanyşyga girizilmegi, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 26-njy ýannawyndaky 12015 belgili karary bilen  “Döwlet bilim standartlaryny işläp düzmegiň we tassyklamagyň Tertibiniň” tassyklanylmagy, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky 320 belgili karary bilen “Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynyň” tassyklanylmagy,  Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 26-njy martyndaky 1723 belgili karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanda ylym ulgamyny 2021-2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynyň” dolanyşyga girizilmegi bilim we ylym ulgamyny hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň  ykdysady-guramaçylyk esasyny döredýär.

          “Türkmenistanyň zähmet hukugynyň esaslary” dersi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda raýatlaryň zähmet çekmäge, ýagny öz islegine görä hünär we iş ýerini saýlap almaga bolan hukugyny kadalaşdyrýan hukuknamalary öwrenmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi ýurdumyzda iň ýokary gymmatlyk derejesine eýe bolan adamyň ýaşaýyş derejesini, durmuş hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendigine aýdyň şaýatlyk edýär. “Zähmet hukugy” dersiniň okadylmagynyň esasy maksady şu ugurdaky kanunlary öwretmek, şonuň bilen birlikde zähmet kanunçylygyny tejribede ulanmagyň usullaryny diňleýjilere özleşdirmegini gazanmakdyr.

        “Türkmenistanyň zähmet hukugynyň esaslary” dersiniň maksatnamasynda zähmet hukugynyň ulgamy, predmeti, ýörelgeleri, zähmet hukuk gatnaşyklarynyň subýektleri, zähmet şertnamasyna şeýle hem zähmet şertnamasynyň taraplarynyň hukuklaryny we borçlaryna, zähmet düzgün-nyzam jogapkärçiligine, düzgün-nyzam temmilerine giňişleýin düşünje bermek göz öňünde tutulýar.

Okuw jemi 75 sagat

Her topardaky diňleýjileriň sany 10-12 adamdan ybarat

Okuwlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary okadýar.

Okuwlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň çäginde sagat 17:00 dan soň gurnalýar. 

Okuwyň tölegi (75 sagat üçin) 1 500 manat. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar.