Türkmenistanyň durmuş üpjünçilik hukugynyň esaslary

image

06.05.2025

411

     Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilimde amala aşyrylýan düýpli täzelenişlere, uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli maksatnamalara täze badalgalar berilýär.

Garaşsyz ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly möhüm hukuk namalary yzygiderli kabul edilýär. 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Bilim hakyndaky resminamalaryň döwlet nusgalarynyň görnüşlerini tassyklamak hakynda” 2018-nji ýylyň 24-nji martyndaky 714 belgili kararynyň kabul edilmegi, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 20-nji martyndaky 13552 belgili karary bilen tassyklanylan “Döwlet  başlangyç hünär bilimi edaralary hakynda”, “Döwlet orta hünär bilimi edaralary hakynda”, “Döwlet ýokary hünär bilimi edaralary hakynda” Düzgünnamalaryň dolanyşyga girizilmegi, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 26-njy ýannawyndaky 12015 belgili karary bilen  “Döwlet bilim standartlaryny işläp düzmegiň we tassyklamagyň Tertibiniň” tassyklanylmagy, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky 320 belgili karary bilen “Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynyň” tassyklanylmagy,  Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 26-njy martyndaky 1723 belgili karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanda ylym ulgamyny 2021-2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynyň” dolanyşyga girizilmegi bilim we ylym ulgamyny hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň we ykdysady-guramaçylyk esasyny döredýär.

Türkmenistanyň  Konstitusiýasyna  laýyklykda   ilatyň durmuş üpünçiligi Türkmenistan döwletiniň iň wajyp aladalarynyň biridir.  Munuň özi bazar ykdysadyýetiniň durmuşa geçirilýän döwründe ilatyň döwlet tarapyndan goldanýandygyny aňladýar. Milli Arkadagyň esaslandyran taglymaty esasynda Türkenistanyň Prezidenti  Serdar Berdimuhamedow ilatyň durmuş üpjünçiligi boýunça täze döwlet syýasatyny alyp barýar we ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üns merkezinde saklaýar. Türkmenistan döwletimizde Hormatly Prezidentimiziň esaslandyran täze milli maliýe-karz ulgamy döredildi. Bu syýasatdan gelip çykýan maliýe hukuk meseleler geljekki hünärmenler üçin iň bir talabalaýyk ugurlardyr, sebäbi bazar ykdysady gatnaşyklaryň iň bir esasy ugurlary, megerem, maliýe-hukuk gatnaşyklar arkaly we onuň kadalarynyň esasynda kepillendirilýär. Türkmenistanda durmuş üpjünçiliginiň hukuk esaslaryny düzýän “Durmuş üpjünçiligi hakynda” Türkmanistanyň bitewi kanuny we onuň esasynda beýleki kadalaşdyryjy namalar kabul edildi. Ilaty durmuş taýdan goramagyň hukuk esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär we giňeldilýär. Ady agzalan bitewi kanun 2012-nji ýylyň aýagyna çenli hereket edip, şol döwürde oňa ýzygiderli üýtgetmeler we goşmaçalar girizýän birnäçe (2009, 2010, 2011) kanunlar kabul edildi. Bularyň esasynda 31. 03. 2012-nji ýylda “Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny we 19. 10. 2012-nji ýylda Türkmenistanyň  “Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda” kodeksi  kabul edildi we olara 2013, 2014, 2015, 2016, 2019, 2021-nji we 2022-nji ýyllarda ilatyň durmuş goraglylygynyň kepillendirmelerini pugtalandyrýan üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Ilatyň durmuş goraglylygyny giňeltmek we ykdysady esasyny döretmek maksady bilen 18.06.2016-njy ýylda “Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Munuň özi durmuş üpjünçilik hukugynyň kemala gelendigini görkezýär.

     Türkmenistanyň durmuş üpjünçilik hukugynyň esaslary dersinde Bitarap Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan maliýe-hukuk syýasatynyň meselelerine üns berilýär, Gahryman Arkadagymyzyň ilaty durmuş taýdan goramak taglymaty, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş üpjünçiligi baradaky döwlet syýasaty, durmuş üpjünçilik hukugynyň esasy düşünjeleri, ýörelgeleri, wezipeleri, hukugyň çeşmeleri, ulgamy we düzgünleşdiriş usuly, durmuş üpjünçilik edaralary, pensiýalar, kömek pullary, ýeňillikler, durmuş hyzmatlary we olaryň görnüşleri, maliýeleşdiriş çeşmeleri we pensiýa ätiýaçlandyryş ulgamy, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberini hasaplamagyň tertibi baradaky nazary hem-de usuly meseleler öz beýanyny tapýar.

Okuw jemi 60 sagat

Her topardaky diňleýjileriň sany 10-12 adamdan ybarat

Okuwlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary okadýar.

Okuwlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň çäginde sagat 17:00 dan soň gurnalýar. 

Okuwyň tölegi (60 sagat üçin) 1 200 manat. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar.