Türkmen dili

image

06.05.2024

477

       Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilimde amala aşyrylýan düýpli täzelenişlere, uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli maksatnamalara täze badalgalar berilýär.  Bu maksatnama dil öwrenijiniň pikiri kabul edip almak başarnygyny,  düşünmegini, türkmençe gürleşmegini, türkmen diliniň 1500-2500-e çenli söz baýlygyny  ýat tutmagyny gazanmak hem-de dürs ýazmak endigini döretmäge niýetlenendir.

          Maglumatlary öwretmekde  ýönekeýden çylşyrymla yzygiderlilikde bermek usuly okuwyň baş aýratynlygydyr.

          Sowatly ýazmagy öwretmek okuwyň esasy meseleleriniň biridir, ol usulyň täze maglumaty (materialy) düşündirmek, öwrenmek, geçilenleri, gaýtalamak ýaly üç görnüşi bar.

          Bu okuwa dil medeniýetiniň bir görnüşi bolan salyhatly we sypaýy gürleşmek, çalt okamak, işewür we psihologik oýunlar, şeýle hem, “Täze sözleri ýat tutmagyň usullary” diýen aýratyn sapaklar  hem girizilendir.

          Dil öwrenilende, wagtyň 60-70%-i, adatça, täze sözleri öwrenmäge sarp edilýär. Umuman alanyňda, gepleşip bilmek üçin azyndan 1500 söz bilmeli. “Täze sözleri ýat tutmagyň usullary” diýen ýörite sapakda täze sözleri ýat tutmagyň dürli usullary, meselem, daýanç bolup hyzmat edýän keşpleriň göz öňüne getirilmesini gurnamak ýoly bilen ýatda saklamak usuly ulanylýar. Bu usullary öwrenmek bilen dil öwreniji her günde 15-20 sözi ýat tutup, ony aňsatlyk bilen ýadyna düşürip bilýär.

          Janly sözleýşi diňlemek arkaly türkmen diliniň owazlylygyna, sözlemleriň gurluşyna, dürs ýazuwa ünsi güýçlendirmek maksady bilen okuwyň orta gürpünde “Çeper okaýyş” sapagy girizilýär. Diňleýji  düşünip okamakdan türkmençe gürlemek we sowatly ýazmak endiklerini ele alýar. “Çeper okaýyş”  sapagynyň wezipesi   diňleýjiniň  öz pikirini we içki duýgusyny anyk, dogry beýan edip bilmegine,  türkmen nusgawy edebiýatyny, häzirki zaman ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini okamaga gyzyklanma döretmekdir.

       Diňleýjileriň janly gepleşikde hem-de ýazuwda ýalňyşlyklar goýbermezlikleri üçin, türkmen dilinde basymyň sözüň haýsy bognuna düşýändigini, sözlemdäki sözleriň haýsysynyň logiki basym bilen aýdylýandygyny, at çalyşmalarynyň sözlemde ulanylyş aýratynlyklaryny, sanlaryň ýöňkemede, düşümde üýtgeýişlerini we ş.m. öwretmeklige uly üns berilýär.

          Ähli maglumatlaryň, ýumuşlaryň, gönükmeleriň  türkmen dilinde berilmegi türkmençe gepleşmäge tiz uýgunlaşmaga, psihologik böwedi (ýygralygy, çekinjeňligi) böwsüp geçmäge, sözlemde  sözleriň geliş  yzygiderliligine  düşünmäge ýardam eder.

       Okuw rus dilinde gepleýän köpsanly öwrenijiler: telekeçiler, ýokary synplaryň okuwçylary, talyplar, uly ýaşly ilat üçin niýetlenendir. Her topardaky öwrenijileriň  sany 10-12 adamdan ybarat.

Türkmen dili okuwy meýilnama boýunça 142 okuw sagady göz öňünde tutulan.

Okuwlar hepdede üç gün, günde üç okuw sagatdan okadylýar. Okaýjylaryň islegine görä okuwlary hepdede alty gün, günde 3 okuw sagatdan okatmak mümkünçiligi hem bar. Okuwlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary okadýar.

Okuwlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň çäginde sagat 17:00 dan soň gurnalýar. 

Türkmen dili okuwyň tölegi 1 090 manat. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar.