06.05.2024
128
Türkmenistan ýurdumyzyň alyp barýan içerki we daşarky syýasaty şu günlerki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ägirt uly itergi berýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary pajarlap ösýär, ylymda we bilimde düýpli özgerişler dowam edýär. Bilim edaralary häzirki zaman ösen tehniki serişdeler, şol sanda kompýuterler bilen doly abzallaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilimde amala aşyrylýan düýpli täzelenişlere, uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli maksatnamalara täze badalgalar berilýär.
Gysga möhletli okuwlarda türk dilini okatmagyň esasy maksady bu dili öwrenýän adamyň türkmen dilinde erkin gepläp, ýazyp, okap, düşünip we belli bir derejede terjime edip bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Dil öwrenmäge gelýän diňleýjileriň ýaş aýratynlyklaryny, bilim derejelerini, hünärlerini, ene dillerini we beýleki taraplaryny nazara alyp, gysga möhletli okuwlarda türk dili öwredilen mahalynda, umuman, şu aşakdaky maksatlar öňde goýulýar:
Gysga möhletli dil okuwlarynda türk dilini öwretmegiň netijeli bolmagy üçin şu aşakdakylar esasy çözülmeli meseleler bolup durýar.
Türk dili öwredilen mahalynda, esasan, Türkiýäniň dil öwrediş merkezlerinde, şeýle hem, Türkmenistandaky gysga möhletli dil okuwlarynda synagdan üstünlikli geçen okuw gollanmalaryndan peýdalanylýar.
Okuw tamamlandan soňra diňleýjiler alan bilimlerini öz hünär işinde ulanyp bilýär.
Okuwlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary okadýar.
Okuwlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň çäginde sagat 17:00 dan soň gurnalýar.
Okuwyň tölegi:
I dereje, 75 sagat üçin - 920 manat
II dereje, 70 sagat üçin - 860 manat
Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar.