06.05.2025
364
Türkmenistan ýurdumyzyň alyp barýan içerki we daşarky syýasaty şu günlerki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ägirt uly itergi berýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary pajarlap ösýär, ylymda we bilimde düýpli özgerişler dowam edýär. Bilim edaralary häzirki zaman ösen tehniki serişdeler, şol sanda kompýuterler bilen doly abzallaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilimde amala aşyrylýan düýpli täzelenişlere, uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli maksatnamalara täze badalgalar berilýär.
Ýurduň sosial-ykdysady jähetden depginli ösüşi netijesinde halkara arenasyna çykýan şertlerinde dürli hünärdäki adamlaryň sözleýiş medeniýetini we suhangöýlik ussatlygyny ýokarlandyrmak zerurlygy ýüze çykýar.
Sözleýiş medeniýeti okatmagyň häzirkizaman interaktiw we innowasion tehnologiýalaryny özleşdiren pedagoglaryň hünär taýýarlygynyň derejesi bilen gös-göni baglanyşyklydyr.
Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkezinde we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedralarynda sözleýiş medeniýeti boýunça ýokary derejelei hünärmenler we häzirkizaman maddy-tehniki binýady bar.
Şu şertler nazarlanylyp Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkezinde suhangöýlik ussatlygy okuwynyň okuw maksatnamasy işlenilip düzüldi.
Okuwyň maksady: diňleýjileriň sözleýiş tehnikasynyň bilim-başarnyk-endiklerini öz hünär işinde amaly ulanmagynyň esaslaryny kemala getirmek.
Okuwyň wezipeleri: köpçülik öňünde çykyşyň sözleýiş medeniýetini we endiklerini ýokarlandyrmak, şeýle-de auditoriýa bilen aragatnaşygy we özara hereketi guramak endiklerini we başarnyklaryny ösdürmek
Maksatnama umumy we amaly sapaklary öz içine almak bilen 2 bölümden ybaratdyr:
I bölüm. Sözleýşiň tehnikasy (sözüsti improwizasiýa).
II bölüm. Sözleýiş medeniýeti (žanrlarda işlemek).
Maksatnama okatmagyň bitewi, özara baglanyşykly ulgamy häsiýetdedir. Bilim-düşünjeleri netijeli özleşdirmek üçin teklip edilýän bölümler görkezilen yzygiderlilikde öwrenilýär. Her bölüm testirleme bilen tamamlanýar. Okuw tamamlananda diňleýjiler jemleýji testirleme tabşyrýar we onuň netijesi boýunça diňleýjilere serifikat berilýär.
Suhangöýlik ussatlygy okuwy pedagoglara, talyplara, ýokary synp okuwçylaryna hem-de sözleýiş medeniýetini ösdürmegi maksat edinýän islendik adama niýetlenendir.
Sapaklar hepdede 2 okuw sagatdan 3-5 sapar geçirilende, okuwyň dowamlylygy 6 - 9 hepde bolýar.
Okuw sapaklarynda diňleýjiler topary 6 –dan 14 adama çenli bolýar.
Okuw tamamlandan soňra diňleýjiler alan bilimlerini öz hünär işinde ulanyp bilýär.
Okuwlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary okadýar.
Okuwlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň çäginde sagat 17:00 dan soň gurnalýar.
Okuwyň tölegi (54 sagat üçin) 920 manat. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar.