06.05.2024
329
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilimde amala aşyrylýan düýpli täzelenişlere, uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli maksatnamalara täze badalgalar berilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysady we medeni ösüşde bolup dünýä we halklara gatnaşyklarynda giň meşhurlyga eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda daşary ýurt dillerini öwrenmeklik, aýratyn-da rus dilini öwrenmeklik, dünýä dilleriniň arasynda esasy orun tutýar.
Daşary ýurt diline eýe bolmaklyk halklaryň arasynda dostluk, medeni aragatnaşyklaryň ösmegine, ýaşlaryň dünýä medeniýetiniň ruhuna ýakynlaşmaklaryna, okaýan ýaşlaryň dünýä tejribeleri bilen tanyşyp bilmekligine ýardam edýär. Ol dilleriň arasynda rus dili aýratyn wajyp orun tutýar. Sebäbi ol GDA döwletleriniň arasynda diňe bir medeni aragatnaşyk dili bolman, eýsem işjeňlik dili hem bolup dur. Şonuň üçin hem bu dil ykdysadçylara, telekeçilere we talyplara öwrenmeklik gyzyklydyr we wajypdyr.
I, II-nji derejäniň diňleýjileri üçin. Okuwyň maksady we öňde goýýan meseleleri. Rus dilini praktiki taýdan bilmekligiň esaslaryny girizmeklik, diňleýjilere agzeki rus dilini öwretmeklik, ykdysadçylara, telekeçilere öwrenen biliminiň çäklerinde okap we gürrüň etmekligi başarmaklygy, özleşdirilen dil böleklerini durmuşda ulanmaklyk.
I-nji (ýönekeý elementler) fonetiki – giriş bölüminiň maksady şu aşakdakylardan ybarat:
a) rus seslerini eşitmek we olary gürläp bilmek;
b) sözlerde basym kadalaryny saklap rus sözlerini dogry aýtmaklyk;
ç) sözlemde sözleriň tertibini dogry düzüp, rus intonasiýasynda aýdyp bilmeklik;
d) rus fonetikasynyň kadalaryny saklap sözleri, söz düzümlerini, sözlemleri, kiçiräk tekstleri dogry okamaklyk;
g) rus harplarynyň ýazylyş kadalarynda sözleri, sözlemleri we tekstleri ýazmaklyk.
Bulardan başga-da, fonetiki-giriş bölümi diňleýjileri okuw kursunyň grammatiki maglumatlaryny kabul etmeklige, sintaksisiň düzümlerine düşünmeklige taýýarlaýar.
II-nji derejedäki leksik-grammatik okuw materiallarynyň ýerleşiş usuly: „manysyndan – galyba“, „manysyndan – hödürleniş serişdelerine“ tarap ymtylyp görnüşinde hödürlenýär. Okuwyň II-nji derejesinde öwredilýän okuw materiallary „galypdan – mazmuna“ garşy görnüşinde hödürlenýär. Bu ýerde dil bölekleriniň we görnüşleriniň giňelmegine, konkretleşdirme we umumylaşdyrma, ulgamlaşdyrmany ýerine ýetirýän leksik-grammatik okuw materiallarynyň umumy merkezlini töwerekleýin jemlemegi okuw materiallarynyň köp wariantynyň diňleýjilere hödürlenmegine getirýär. Bu bolsa okaýan zatlaryny saýlap, göwünlerine ýaran materiallary okamaklyga mümkinçilik döredýär. Beýle saýlanylyp okalan zat diňleýjileriň gözýetimini has hem giňeldýär.
Okuwyň ahyrynda diňleýjiler şu aşakdaky temalardan söhbetdeşlik alyp baryp bilmeli: „Maşgala“, „Iş, okuw“, „Meniň dostum“, „Meniň söýgüli sapagym“ we başgalar, özüň barada gürrüň berme, maşgalaň, dostlaryň, işiň, okuwyň barada düşünmek, sosial – medeni temalara bagyşlanan temalardan ýazylany okap düşünmeklik göz öňünde tutulýar.
Okuw meýilnamasy diňleýjileriň giň köpçüligine, ýokary synp mekdep okuwçylary üçin, talyplar, telekeçiler, ýokary ýaşly ýaşaýjylar üçin niýetlenendir.
Okuw sagatlarynyň möçberi:
I-nji dereje üçin (düşünmekligi) - 160 sagat. II-nji dereje üçin (esasy bölegi) - 160 sagat. Okuw sagadynyň jemi - 320 sagat.
Öwrenmegiñ wagty 8-10 aý, hepde-de 3-4 gezek, okuw sagadynyñ jemi 320, bir sagadyñ dowamy 2-3 alymlyk sagady.
Meýilnama köp sanly okyjylara: mekdebiñ uly klas okuwçylary, talyplar, telekeçiler, uly ýaşlylar üçin niýetlenen.
Okuwlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary okadýar.
Okuwlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň çäginde sagat 17:00 dan soň gurnalýar.
Rus dili okuwyň tölegi (160 sagat üçin) 1 500 manat. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar.