06.05.2025
348
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilimde amala aşyrylýan düýpli täzelenişlere, uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli maksatnamalara täze badalgalar berilýär.
Terjimeçilik işiniň çylşyrymlydygynyň esasy sebäbi hem bir dilde aňladylýan tekstiň mazmunynyň we formasynyň birligini beýleki diliň dil serişdeleri bilen aňlatmaklygydyr. Bu iş onuň işjeň işlemegini talap edýär we döredijilik häsiýetinde bolýar. Şol sebäpden hem pars dilini çuňlaşdyryp öwretmek wajyp meseleleriň birine öwrüldi.
Söz baýlygyny we gepleşik dilini ösdürmek üçin edilýän talaplar pars dilini öwrenýänler üçin sözleýişiň Logik taýdan yzygiderli, baglanyşykly bolmak zerurlygyny ýüze çykarýar. Şeýlelikde bu mesele pars dilini öwrenýän diňleýjiler üçin esasy meseleleriň biri bolup durýar. Şu ýokarda bellenilip geçilenler esasynda pars dilini öwrenýän diňleýjler şu aşakdakylary bilmelidirler:
1. Töwerekde bolup geçen waka-hadysa barada gürrüň berip bilmeli;
2. Habar beriş serişdeleriniň berýän maglumatlaryny dogry düşündirip bilmeli;
3. Gepleşikde aýdylýan sözleri grammatik kada laýyklykda dogry ýazyp bilmeli;
4. Pars dili resmi dili bolan döwletleriň medeniýeti, däp dessurlary bilen tanyş bolmaly;
Şeýle hem bir dilden beýleki bir dile terjime etmek üçin iki dili-de öran gowy bilmek, türkmen dilinde-de suwara gepläp hem grammatiki kadalary dogry berjaý edip ýazyp bilmeklik wajyp mesele bolmagynda galýar.
Pars dili okuwy meýilnama boýunça 2 tapgyr göz öňüne tutulan (her tapgyr 74 okuw sagady).
Okuwlar hepdede üç gün, günde üç okuw sagatdan okadylýar. Okaýjylaryň islegine görä okuwlary hepdede alty gün, günde 3 okuw sagatdan okatmak mümkünçiligi hem bar. Okuwlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary okadýar.
Okuwlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň çäginde sagat 17:00 dan soň gurnalýar.
Pars dili okuwyň tölegi 750 manat 1 tapgyr üçin. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar.