06.05.2024
383
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ösüşlerimiziň, üstünliklerimiziň we rowaçlyklarymyzyň kepili bolan ylym-bilimi ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. Garaşsyz ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan (rejelenen görnüşi) taýýarlanmagy we tassyklanmagy göz öňünde tutulan kadalaşdyryjy hukuk namalary yzygiderli işlenip taýýarlanylýar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly Baştutanlyk eden döwründe, ýagny 2008-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda “Türkmenistanda ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamagy üpjün etmek hem-de ylmy taslamalara döwlet maliýe goldawyny bermek hakyndaky” kararyna laýyklykda “Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamak hakynda Düzgünnama”, 2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda “Türkmenistanda ylmy işgärleriň hukuk ýagdaýy hakynda” Kanun, 2012-nji ýylyň 20-nji dekabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaş alymlary goldamak boýunça gaznasy hakyndaky” karar, 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy”, 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda “Bilim hakynda (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanuny”, 2021-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda “Döwlet ýokary hünär bilimi edaralary hakynda Düzgünnama” tassyklandy.
Türkmenistan ýurdumyzyň alyp barýan içerki we daşarky syýasaty şu günlerki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ägirt uly itergi berýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary pajarlap ösýär, ylymda we bilimde düýpli özgerişler dowam edýär. Bilim edaralary häzirki zaman ösen tehniki serişdeler, şol sanda kompýuterler bilen doly abzallaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli täzelenişlere, uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli maksatnamalara täze badalgalar berilýär.
Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkezindäki kurslarda nemes dilini öwretmegiň maksady dürli ýaşdaky dil taýýarlygy bolan diňleýjilere nemes dilini çuňňur we düýpli öwretmek we olary daşary ýurt okuw jaýlarynda dürli ugurlar boýunça okanynda dilini gowy ulanmaga mümkinçilik döretmekden ybaratdyr.
Okuwyň esasy meseleleri şu aşakdakylardan ybaratdyr:
• Umumy nemes diliniň köptaraplaýyn taýýarlaşygynda häzirki zaman intensiw we interaktiw usullaryny ulanmak.
• Okuwyň birinji döwründe (birinji kurs) diňleýjilerde okuw, ýazuw, diňläp düşünmek, gepleşik endiklerini ösdürmek, dili çuňňur öwrenmäge taýyarlamak.
• Okuwyň ikinji döwründe (ikinji kurs) diňleýjileri işewür adamlar bilen nemes dilinde erkin gepleşigi alyp barmaklyga taýýarlamak hem-de dürli hünäre ugrukdyrylan nemes dili sapagyny geçirmek.
• Nemes dili boýunça diňleýjileriň bilim derejelerini öňünden alynýan testiň üsti bilen barlap, olary toparlara bölmek.
• Diňleýjileriň bilimlerine baha bermek we okuw derejesini gowulandyrmak üçin aralyk we ahyrky barlag işlerini geçirmek.
• Nemes dilini biliş derejesine baha bermek üçin dil bilmekligiň Ýewropa başarnyklary ulgamyna geçmek.
Her toparda 12-16 adamdan ybarat bolan nemes dili kurslary mekdebiň ýokary synp okuwçylary, talyplar, işçi ýaşlar, lukmanlar, işewür adamlar we dürli ýaşdaky hem-de dürli hünärli uly adamlar üçin niýetlenilýär.
Esasy okuw kitaby hökmünde üç bölümden ybarat bolan “Sprachkurs Deutsch” hem-de iki bölümden ybarat bolan “Tangram” okuw kitaplary we başga materiallar, şonuň ýaly-da okuw işini çaltlandyrmak üçin audio ýazgylar ulanylýar.
Kurslarda diňleýijileriň bilim derejelerini barlamak üçin basgançaklaýyn dili öwretmek göz öňünde tutulýar we ol öwrediş 4 derejeden ybaratdyr.
Birinji dereje “Sprachkurs Deutsch 1” okuw kitabynyň 14 babyny öz içine alýar. Sapaklar hem sagatlara bölünýär. Bu başky sapaklaryň maksady sesleri dogry we takyk aýytmaklyga gönüklendirilendir.
Ikinji dereje “Sprachkurs Deutsch 2” okuw kitabynyň 14 babyny öz içine alýar. Ol sapaklar hem sagatlara bölünýär.
Üçünji dereje “Sprachkurs Deutsch 3” okuw kitabynyň 14 babyny öz içine alýar. Ol sapaklar hem sagatlara bölünýär.
Dördünji dereje “Tangram” okuw kitabynyň II bölüminden başlanýar. Ol okuw kitaby bolsa A we B bölümlere bölünýär. Her bölüm 6 sany paragrafy öz içine alýar. Sapaklar sagatlara bölünýär.
Okadyş derejeleri 2 kursa bölünýär: başlangyç we tizlendiriş. Her kurs 3 derejeden ybarat, olaryň hersine 180 sagat berilýär. Her dereje öz öňünde durýan meseläni çözýär we şol bir wagtda geljek derejede dili öwrenmegiň esasyny döredýär.
Hepde-de 3 gezek sapak geçirilýär, olaryň hersi 3 okuw sagadyndan ybarat, jemi hepdede 12-15 sagat geçilýär. Her basgançakda okuwyň möhleti 20 hepde bolup, okuw jemi 80 hepdeden durýar. 1-nji kursdan soň diňleýjiler nemes dilinde gürläp we onçakly çylşyrymly bolmadyk tekstlere düşünip bilerler. 2-nji kursdan soň belli bir derejede erkin gepläp we çylşyrymly bolmadyk iş kagyzlary (Lebenslauf, Begründung, Bewerbung, Empfeh-lungsschreiben) bilen işläp bilerler. Doly 2-nji kursy gutarandan soň nemes dili ulanylýan firmalarda we edaralarda iş tapyp bilerler we daşary ýurtlardaky ýokary okuw jaýlaryna okuwa girip bilerler
Okuwyň tölegi (180 okuw sagat üçin) 1 500 manat.