06.05.2024
424
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ösüşlerimiziň, üstünliklerimiziň we rowaçlyklarymyzyň kepili bolan ylym-bilimi ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. Garaşsyz ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan (rejelenen görnüşi) taýýarlanmagy we tassyklanmagy göz öňünde tutulan kadalaşdyryjy hukuk namalary yzygiderli işlenip taýýarlanylýar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly Baştutanlyk eden döwründe, ýagny 2008-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda “Türkmenistanda ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamagy üpjün etmek hem-de ylmy taslamalara döwlet maliýe goldawyny bermek hakyndaky” kararyna laýyklykda “Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamak hakynda Düzgünnama”, 2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda “Türkmenistanda ylmy işgärleriň hukuk ýagdaýy hakynda” Kanun, 2012-nji ýylyň 20-nji dekabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaş alymlary goldamak boýunça gaznasy hakyndaky” karar, 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy”, 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda “Bilim hakynda (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanuny”, 2021-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda “Döwlet ýokary hünär bilimi edaralary hakynda Düzgünnama” tassyklandy.
Türkmenistan ýurdumyzyň alyp barýan içerki we daşarky syýasaty şu günlerki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ägirt uly itergi berýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary pajarlap ösýär, ylymda we bilimde düýpli özgerişler dowam edýär. Bilim edaralary häzirki zaman ösen tehniki serişdeler, şol sanda kompýuterler bilen doly abzallaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilimde amala aşyrylýan düýpli täzelenişlere, uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli maksatnamalara täze badalgalar berilýär.
“Maglumat bazalary” maglumatlar bankynyň tutýan ornuny we awtomatiki ulgamlaryň bilimi bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Ekspert ulgamyny döretmekligiň bazasy bolan maglumatlar toplumlaryny personal kompýuterlerde döretmek.
Hazirki zaman proýektirleme metodlaryny we ýöriteleşdirilen maglumat bazalarynda iş geçirmekligi öwrenmeli.
Maglumat bazalarynyň dolandyrma ulgamynda belli bir mesele boýunça döredip we onuň üstünde iş gecirmekligi öwrenmeli.
Okuw jemi 75 sagat bolup,
Her topardaky diňleýjileriň sany 10-12 adamdan ybarat.
Okuw tamamlandan soňra diňleýjiler alan bilimlerini öz hünär işinde ulanyp bilýär.
Okuwlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary okadýar.
Okuwlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň çäginde sagat 17:00 dan soň gurnalýar.
Okuwyň tölegi (75 sagat üçin) 1 500 manat. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar.