06.05.2024
685
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ösüşlerimiziň, üstünliklerimiziň we rowaçlyklarymyzyň kepili bolan ylym-bilimi ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. Garaşsyz ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan (rejelenen görnüşi) taýýarlanmagy we tassyklanmagy göz öňünde tutulan kadalaşdyryjy hukuk namalary yzygiderli işlenip taýýarlanylýar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly Baştutanlyk eden döwründe, ýagny
2008-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda “Türkmenistanda ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamagy üpjün etmek hem-de ylmy taslamalara döwlet maliýe goldawyny bermek hakyndaky” kararyna laýyklykda “Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamak hakynda Düzgünnama”, 2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda “Türkmenistanda ylmy işgärleriň hukuk ýagdaýy hakynda” Kanun, 2012-nji ýylyň 20-nji dekabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaş alymlary goldamak boýunça gaznasy hakyndaky” karar, 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy”, 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda “Bilim hakynda (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanuny”, 2021-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda “Döwlet ýokary hünär bilimi edaralary hakynda Düzgünnama” tassyklandy.
Türkmenistan ýurdumyzyň alyp barýan içerki we daşarky syýasaty şu günlerki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ägirt uly itergi berýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary pajarlap ösýär, ylymda we bilimde düýpli özgerişler dowam edýär. Bilim edaralary häzirki zaman ösen tehniki serişdeler, şol sanda kompýuterler bilen doly abzallaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilimde amala aşyrylýan düýpli täzelenişlere, uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli maksatnamalara täze badalgalar berilýär.
Döwrebap maglumatlar tehnologiýalarynyň teoretiki, metodiki we tehniki esaslary bilen tanyşdyrmak, umumy iş prinsiplerini we amaly meseleleri çözmeklikde maglumatlar ulgamlarynyň tejribe emellerini öwrenmekden ybaratdyr.
Bu ders maglumat aragatnaşyk kanallarynyň gurnalşy, maglumatyň geçişiniň görnüşleri we geçiş tizligi, aragatnaşyk kanallaryna daşyndan gelýän täsiri öwrenýär. Bu dersiň esasy maksady talyplara maglumat aragatnaşyklary gurnalyşyny we kompýuter torlarynyň esaslaryny, torlary gurnamagy we dolandyrmagy öwretmekden durýar.
Dersiň maksady: Hazirki zaman proýektirleme metodlaryny we ýöriteleşdirilen maglumatlar tehnologiýalarynda iş geçirmekligi we belli bir amaly mesele boýunça maglumatlar tehnologiýalarynyň üstünde iş geçirmekligi we bu meseläni çözmekligi öwrenmek.
Okuw jemi 75 sagat.
Okuw okuwçylar, talyplar hem kompýuteri işde we öýde ulanýanlar üçin niýetlenilendir.
Her topardaky diňleýjileriň sany 10-12 adamdan ybarat.
Okuw tamamlandan soňra diňleýjiler alan bilimlerini öz hünär işinde ulanyp bilýär.
Okuwlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary okadýar.
Okuwlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň çäginde sagat 17:00 dan soň gurnalýar.
Okuwyň tölegi (75 sagat üçin) 1 500 manat. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar.