06.05.2024
365
Türkmenistan ýurdumyzyň alyp barýan içerki we daşarky syýasaty şu günlerki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ägirt uly itergi berýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary pajarlap ösýär, ylymda we bilimde düýpli özgerişler dowam edýär. Bilim edaralary häzirki zaman ösen tehniki serişdeler, şol sanda kompýuterler bilen doly abzallaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilimde amala aşyrylýan düýpli täzelenişlere, uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli maksatnamalara täze badalgalar berilýär.
Halk hojalygynda ýüze çykýan dürli meseleleri ýokary takyklykda çalt çözmeklik häzirki zaman kompýuterlerini doly derejede we döredijilikli ulanyp bilýän hünärmenlere gönüden-göni baglygyr. Häzirki döwürde okatmagyň we öwretmegiň kämil hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ulanylýar. Olar esasan, kompýuterler, Internet we telekommunikasiýalar bilen jebis baglanşyklydyr. Komýuterler bilen baglanşykly okatmagyň we öwretmegiň häzirki zaman kämil tehnologiýalaryna multimediýany, interaktiw serişdelerini, distansion öwretme tehnologiýasyny we başgalary görkezmek bolar.
Informasion we aragatnaşyk tehnologiýalary netijeli peýdalanmak ulanyjylar tarapyndan olary düýpli özleşdirmegine we hünär derejelerini yzygiderli kämilleşdirmegine baglydyr.
Kompýuter sowatlylygy okuwy informasion we aragatnaşyk tehnologiýalary özleşdirmegi başlaýanlar üçin niýetlenendir. Bu okuwyň iş maksatnamasy ECDL-iň (European Computer Driving License – Ýewropa kompýuter ygtyýarnamalary) talaplaryna laýyklykda işlenip taýýarlandy.
Okuwyň maksady diňleýjilere gysga wagtyň içinde häzirki zaman personal kompýuterde netijeli işlemegi öwretmekdir.
Okuwyň wezipeleri:
Okuw jemi 86 sagat
Okuw okuwçylar, talyplar hem kompýuteri işde we öýde ulanýanlar üçin niýetlenilendir.
Her topardaky diňleýjileriň sany 10-12 adamdan ybarat
Okuw tamamlandan soňra diňleýjiler alan bilimlerini öz hünär işinde ulanyp bilýär.
Okuwlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary okadýar.
Okuwlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň çäginde sagat 17:00 dan soň gurnalýar.
Okuwyň tölegi (86 sagat üçin) 1 140 manat. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar.