06.05.2025
147
Türkmenistan ýurdumyzyň alyp barýan içerki we daşarky syýasaty şu günlerki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ägirt uly itergi berýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary pajarlap ösýär, ylymda we bilimde düýpli özgerişler dowam edýär. Bilim edaralary häzirki zaman ösen tehniki serişdeler, şol sanda kompýuterler bilen doly abzallaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilimde amala aşyrylýan düýpli täzelenişlere, uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli maksatnamalara täze badalgalar berilýär.
Halk hojalygynda ýüze çykýan dürli meseleleri ýokary takyklykda çalt çözmeklik häzirki zaman kompýuterlerini doly derejede we döredijilikli ulanyp bilýän hünärmenlere gönüden-göni baglygyr. Häzirki döwürde okatmagyň we öwretmegiň kämil hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ulanylýar. Olar esasan, kompýuterler, Internet we telekommunikasiýalar bilen jebis baglanşyklydyr. Komýuterler bilen baglanşykly okatmagyň we öwretmegiň häzirki zaman kämil tehnologiýalaryna multimediýany, interaktiw serişdelerini, distansion öwretme tehnologiýasyny we başgalary görkezmek bolar.
Informasion we aragatnaşyk tehnologiýalary netijeli peýdalanmak ulanyjylar tarapyndan olary düýpli özleşdirmegine we hünär derejelerini yzygiderli kämilleşdirmegine baglydyr.
Kompýuter grafikasy okuwy 90 sagadа niýetlenen, şol sanda:
Kompýuter grafikasy okuwy häzirki zaman kompýuter grafikasynyň mümkinçiliklerini özleşdirmäge isleg bildirýän kompýuter ulanyjylary, reklama we dizaýn boýunça hünärmenler, şeýle hem we özüni kämilleşdermek isleýänler üçin niýetlenendir.
Kompýuter grafikasy okuwy 90 sagada niýetlenen.
Her topardaky diňleýjileriň sany 10-15 adamdan ybarat.
Okuw tamamlandan soňra diňleýjiler alan bilimlerini öz hünär işinde ulanyp bilýär.
Okuwlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary okadýar.
Okuwlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň çäginde sagat 17:00 dan soň gurnalýar.
Okuwyň tölegi (90 sagat üçin) 1 200 manat. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar.