Italýan dili

image

06.05.2025

352

     Türkmenistan ýurdumyzyň alyp barýan içerki we daşarky syýasaty şu günlerki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ägirt uly itergi berýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary pajarlap ösýär, ylymda we bilimde düýpli özgerişler dowam edýär. Bilim edaralary häzirki zaman ösen tehniki serişdeler, şol sanda kompýuterler bilen doly abzallaşdyrylýar.

     Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilimde amala aşyrylýan düýpli täzelenişlere, uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli maksatnamalara täze badalgalar berilýär.

     Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkezindäki kurslarda italýan dilini öwretmegiň maksady dürli ýaşdaky dil taýýarlygy bolan diňleýjilere italýan dilini çuňňur we düýpli öwretmek we olary daşary ýurt okuw jaýlarynda dürli ugurlar boýunça okanda dilini gowy ulanmaga mümkinçilik döretmek.

Okuwyň esasy meseleleri şu aşakdakylardan ybaratdyr:        

  • Umumy italýan diliniň köptaraplaýyn taýýarlaşygynda häzirki zaman intensiw we interaktiw usullaryny ulanmak.
  • Okuwyň birinji döwründe (birinji kurs) diňleýjilerde okuw, ýazuw, diňläp düşünmek, gepleşik endiklerini ösdürmek, dili çuňňur öwrenmäge taýyarlamak.
  • Okuwyň ikinji döwründe (ikinji kurs) diňleýjileri işewir adamlar bilen italýan dilinde erkin gepleşigi alyp barmaklyga taýýarlamak hem-de dürli hünäre ugrukdyrylan italýan  dili sapagyny geçirmek.
  • Italýan dili boýunça diňleýjileriň bilim derejelerini öňünden testiň üsti bilen barlap toparlara bölmek.
  • Diňleýjileriň bilimlerine baha bermek we okuw derejesini gowulandyrmak üçin aralyk we ahyrky barlag işlerini geçirmek.
  • Italýan dilini biliş derejesine baha bermek üçin dil bilmekligiň Ýewropa başarnyklary ulgama geçmek.  

Her toparda 12-16 adamdan ybarat bolan italýan dili kurslary mekdebiň ýokary synp okuwçylary, talyplar, işçi ýaşlar, lukmanlar, işewür adamlar we dürli ýaşdaky hem-de dürli hünärli uly adamlar üçin niýetlenilýär.

     Esasy okuw kitaby hökmünde “Nuova Affresco” hem-de “Nuova Espresso” okuw kitaplary we başga materiallar, şonuň ýaly-da okuw işini çaltlandyrmak üçin audio ýazgylar ulanylýar.

     Kurslarda diňleýijileriň bilim derejelerini barlamak üçin basgançaklaýyn dili öwretmek göz öňünde tutulýar we ol öwrediş 4 derejeden ybarat.

     Birinji dereje “Nuova Affresco Italiano A1” okuw kitabynyň 12 babyny öz içine alýar. Sapaklar hem sagatlara bölünýär. Bu başky sapaklaryň maksady sesleri dogry we takyk aýytmaklyga gönüklendirilendir.

     Ikinji dereje “Nuova Espresso 2” okuw kitabynyň 10 babyny öz içine alýar. Ol sapaklar hem sagatlara bölünýär.

     Uçünji dereje “Nuova Espresso 3”  okuw kitabynyň 10 babyny öz içine alýar. Ol sapaklar hem sagatlara bölünýär.

Her dereje öz öňünde durýan meseläni çözýär we şol bir wagtda geljek derejede dili öwrenmegiň esasyny döredýär.Her kursy  üstünlikli geçen diňleýji indiki bölümleri dowam etdirmeklige hukuk gazanar.

Italýan dili okuwy meýilnama boýunça 3 tapgyr göz öňüne tutulan (her tapgyr 152 okuw sagady).

Okuwlar hepdede üç gün, günde üç okuw sagatdan okadylýar. Okaýjylaryň islegine görä okuwlary hepdede alty gün, günde 3 okuw sagatdan okatmak mümkünçiligi hem bar. Okuwlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary okadýar.

Okuwlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň çäginde sagat 17:00 dan soň gurnalýar. 

Italýan dili okuwyň tölegi 1 570 manat 1 tapgyr üçin. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar.