Iňlis dili

image

06.05.2024

393

     Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilimde amala aşyrylýan düýpli täzelenişlere, uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli maksatnamalara täze badalgalar berilýär.

Alty basgançakdan ybarat bolan bu okuwlar iňlis dilini umumybilim, medeni, ýörite hünär ugrundan maksatlar üçin niýetlenendir. Bu okuwlar Britan iňlis dilini öwredip, onuň dürli görnüşleri bilen tanyşdyrýar. Okuw materialy – bu okuwlaryň esaslarynyň biri. Bu maksatnamanyň okuw materialy hökmünde Jon we Liz Soarsyň  “Headway (Fifth edition), Oxford – 2019” seriýasynyň kitaplary saýlanyp alnandyr. Her bir basgançak Student's book, Workbook hem-de audio we wideo faýllary öz içine alýar. Şeýlelikde, bu okuwlaryň dowamynda diňleýjiler öz gepleşik, ýazuw we eşidiş endiklerini ösdürmeli we okuwlaryň ahyrynda iňlis dilinde päsgelçiliksiz düşünişmegi başarmaly.

 Şu maksatnama laýyklykda okuwyň esasy meseleleri şu aşakdakylardan ybarat:

  • Okuwyň  birinji we ikinji basgançaklarynda(Beginner, Elementary) häzirki zaman intensiw we interaktiw usullaryny ulanyp diňleýjileri iňlis dilini çuňňur öwrenmäge taýyarlamak. Diňleýjilerde okamagyň, ýazmagyň, gepleşigiň endiklerini ösdürmek, söz baýlygyny artdyrmak(1500 söz).
  • Okuwyň üçünji basgançagynda (Pre-Intermediate) diňleýjilere dürli temalar (Söwda, ulag we syýahat, gündeki wakalar we ş.m.) boýunça erkin gepleşigi alyp barmaklygy öwretmek, okaýyş, ýazuw we gepleşik endiklerini ösdürmek, söz baýlygyny artdyrmak (1000 söz).
  • Okuwyň dördünji basgançagynda (Intermediate) diňleýjilere dürli hünärler boýunça erkin gepleşigi alyp barmaklygy çuňňur öwretmek, okaýyş, ýazuw we gepleşik endiklerini ösdürmek, söz baýlygyny artdyrmak (1000 söz).
  • Okuwyň bäşinji basgançagynda (Upper-Intermediate) häzirki zaman intensiw we interaktiw usullaryny ulanyp, diňleýjileriň esasy bilimini we başarnyklaryny kämilleşdirmek: Reading Comprehension, Speaking Comprehension, Listening Comprehension, Writing Comprehension, söz baýlygyny artdyrmak (1250 söz).
  • Okuwyň altynjy basgançagynda (Advanced) häzirki zaman intensiw we interaktiw usullaryny ulanyp, diňleýjileriň esasy bilimini we başarnyklaryny kämilleşdirmek: Reading Comprehension, Speaking Comprehension, Listening Comprehension, Writing Comprehension, söz baýlygyny artdyrmak (1250 söz).
  • Okuwlaryň ahyrynda diňleýjileriň söz baýlygy 6000 sözden gowrak bolmaly.
  • Diňleýjileriň bilimlerine baha bermek we okuw derejesini gowulandyrmak üçin aralyk we ahyrky barlag işlerini geçirmek.

Her toparda 12-16 adamdan ybarat bolan iňlis dili kurslary mekdebiň ýokary synp okuwçylary, talyplar we işçi ýaşlar üçin niýetlenilýär.

Okuwlarda diňleýjilere basgançaklaýyn iňlis dilini öwretmek göz öňünde tutulýar we 6 basgançakdan ybarat, her bir basgançak 12 sapagy (Units), diňe birinji basgançakda (Beginner) 14 sapagy (Units)  öz içine alýar. Birinji basgançakdan (Beginner) başga her basgançakda 99 sagat amaly sapaklara we 9 sagat barlag işine (test) goýberilýär.  Birinji basgançaga  bolsa, 96 sagat amaly sapaklara we 12 sagat barlag işlerine goýberilýär.

Hepdede durnukly 3-4 gezek sapak geçirilýär, olaryň hersi 3 okuw sapagyndan ybarat. Her basgançakda okuwyň möhleti 3 aý. Okuwlary üstünlikli tamamlamagyň netijesinde diňleýjiler iňlis dilinde erkin okamagy, ýazmagy, öz pikirlerini doly we dogry beýan etmegi we gepleşmegi başararlar. Iňlis dilini öz kärinde maglumaty almak we geçirmek serişdesi hökmünde ulanmak.

Iňlis dili okuwy meýilnama boýunça her tapgyr üçin 108 okuw sagady göz öňünde tutulan. Her tapgyr üçin tölegi 1 100 manat.

Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar.

Okuwlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary okadýar. Okuwlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň çäginde sagat 17:00 dan soň gurnalýar.