Hytaý dili

image

06.05.2024

605

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ösüşlerimiziň, üstünliklerimiziň we rowaçlyklarymyzyň kepili bolan ylym-bilimi ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. Garaşsyz ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan (rejelenen görnüşi) taýýarlanmagy we tassyklanmagy göz öňünde tutulan kadalaşdyryjy hukuk namalary yzygiderli işlenip taýýarlanylýar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly Baştutanlyk eden döwründe, ýagny 2008-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda “Türkmenistanda ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamagy üpjün etmek hem-de ylmy taslamalara döwlet maliýe goldawyny bermek hakyndaky” kararyna laýyklykda “Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamak hakynda Düzgünnama”,  2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda “Türkmenistanda ylmy işgärleriň hukuk ýagdaýy hakynda” Kanun, 2012-nji ýylyň 20-nji dekabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaş alymlary goldamak boýunça gaznasy hakyndaky” karar, 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy”, 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda “Bilim hakynda (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanuny”, 2021-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda  “Döwlet ýokary hünär bilimi edaralary hakynda Düzgünnama” tassyklandy.

          Türkmenistan ýurdumyzyň alyp barýan içerki we daşarky syýasaty şu günlerki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ägirt uly itergi berýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary pajarlap ösýär, ylymda we bilimde düýpli özgerişler dowam edýär. Bilim edaralary häzirki zaman ösen tehniki serişdeler, şol sanda kompýuterler bilen doly abzallaşdyrylýar.

          Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli täzelenişlere, uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli maksatnamalara täze badalgalar berilýär.

Bu okuw dil öwrenijiniň aňyna kabul edip almak başarnygyny, hytaý diline düşünmegini, hytaýça gürlemegini, 1500-2500- e çenli hytaý iýeroglifini ýatdan bilmäge we dürs ýazmak endigini döretmäge niýetlenendir. Maglumatlary habar beriş usulynda ýönekeýden çylşyrymla çenli yzygiderlikde bermeklik okuwyň baş maksady bolup durýar.

Sowatly ýazmagy öwretmek okuwyň esasy meseleleriniň biri bolup durýar. Ol usulyň üç görnüşine: täze materialy düşündirmek, ony öňünden öwrenmek, gaýtalamak görnüşlerine esaslanmak.

Hytaý diliniň aýratynlygy onda iýeroglifleriň barlygy bilen häsiýetlendirilýär.   Häzirki zaman hytaý dili okuwy dili hiç-hili bilmezden okap başlaýanlara niýetlenendir. Onuň düşüniliş ýörelgesi tejribeliligi, anyklygy hem gyzyklylygydyr. Okuwçy iýeroglifleriň manysyny we ulanyş usulyny dogry düşünmegi üçin käbir iýerogliflere diňe bir terjimesi berilmän, bellikler hem düşündirilýär.

Ýöne okuwçylar berlen sözleriň manysynyň terjimesiniň käbir ýagdaýlara gabat gelýändigini, iýeroglifleriň manysynyň başgaça berlip biljek mümkinçiliklerine üns bermelidigi hem öwrenmelidikleri bellenýär. Materialda berilýän tekstler  talyplaryň institutdaky we jemgyýetdäki durmuşy bilen baglanyşyklydyr. Belli bir derejede  okuwçylara hytaý medeniýetiniň  däp-dessurlary bilen tanyşdyrmaklyk hem berilýär. Her sapakda  ortaça 15 sany täze söz berilýär. Sapaklaryň manysyna doly düşünmek üçin her sapakda tekstiň öňünden wakalar barada doly beýan edilýär we düşündirilýär. Käbir sapaklarda bellikler berlip olar üçe bölünýär.        

1) Hytaý medeniýetinde endik bolan aňlatmalaryň usuly.

2) Başlangyç etapda özleşdirmesi talap edilmeýän sözleriň kynlyk derejedäki aňlatmalary.

3) Gepleşik dilinde köp ulanylýan aňlatmalar. Fonetika barada bu kitapda hemmetaraplaýyn taýýarlyk berilýär. Hytaý diliniň fonetiki transkripsiýasynyň manysyndan başga hytaý fonetikasynda uly aýratynlygyň bardygyny düşündirilýär.

Hytaý dili okuwynyň maksady we wezipeleri

Hytaý dilini öwretmegiň maksady dürli ýaşdaky dil taýýarlygy bolan diňleýjilere hytaý dilini orta derejä çenli okatmak we olaryň geljekki taýýarlyklary üçin esas bolup durýar.

Okuwyň esasy meseleleri şu aşakdakylardan  ybarat:

- Häzirki zaman hytaý dilini köptaraplaýyn taýýarlamakda häzirki zaman intensiw we interaktiw usullaryny ulanmak.
- Okuw döwründe diňleýjilere okamagyň, ýazmagyň, gepleşigiň endiklerini ösdürmek, dili oňat özleşdirmäge taýýralamak.
- Diňleýjileriň bilimlerine baha bermek we okuw derejesini gowulandyrmak üçin aralyk we ahyrky barlag işlerini geçirmek.
- Ton boýunça  aýdyş usullaryny berkitmek.
- Her bir iýeroglifiň many taýdan aýratynlyklaryny  özleşdirmek.
- Köptaraplaýyn gepleşikleri gurnamak arkaly okaýyş, gepleýiş we diňleýiş, ýazmaça barlag bilen bolsa iýeroglifleri ýazyş ukyplaryny ösdürmek.
Her toparda 10-12 adamdan ybarat bolan hytaý dili kurslary mekdebiň ýokary synp okuwçylary, talyplar we işçi ýaşlar üçin niýetlenilýär.

Kurslarda diňleýjileriň bilim derejelerini barlamak üçin aralyk barlaglary geçirilip, basgançaklaýyn dili öwretmek göz öňünde tutulýar we ol 3 derejeden ybaratdyr. Başky sapaklaryň maksady iýeroglifleri dogry we takyk ýazmak hem ton boýunça aýtmak.

Okadyş derejeleri bir kurs bolup, üç derejeden ybaratdyr. Olaryň birinjisi 148 sagatdan, II-III derejesiniň hersi bolsa 136  sagatdan  ybaratdyr. Her dereje öz öňünde durýan meseläni çözýär we şol bir wagtda geljek derejede dili öwrenmegiň esasyny döredýär.

Okuw kursyny üstünlikli tamamlan diňleýjiler hytaý dili boýunça başlangyç, aralyk we ortalyk derejelerde bilimleri alarlar we sözlükleriň kömegi bilen terjimeleri edip bilerler.

Hytaý diliniň okadyş usulyýeti hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň usulyýeti esasynda taýýarlanyldy.

Okuw tamamlandan soňra diňleýjiler alan bilimlerini öz hünär işinde ulanyp bilýär.

Okuwlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary okadýar.

Okuwlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň çäginde sagat 17:00 dan soň gurnalýar.

Okuwyň tölegi:

I dereje, 148 sagat üçin - 1 520 manat

II we III dereje, 136 sagat üçin - 1 400 manat

Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar.