Hünäri boýunça iňlis dili (Hukuk öwreniş hünäri)

image

06.05.2025

267

     „Hünäri boýunça iňlis dili“ dersini okatmak, diňleýjileriň iňlis dilini bilmeklerini gazanmak olaryň dünýä ylmynyň, tehnikanyň we medeni progresiň gazananlaryny durmuşda döredijilikli peýdalanmak başarnyklaryny ösdürmegiň hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň we hilini ýokarlandyrmagyň möhüm serişdesi bolup durýar. Iňlis dili barada halkara aragatnaşyk dili we dünýä medeniýetiniň gymmatlyklary bilen tanyşmak üçin serişde hökmünde umumy düşünje döretmek. Iňlis dilinde dürli ýagdaýlarda we dürli temalar boýunça, öwrenilen sözlük goruny göz öňünde tutup, şol sanda öwrenilýän hünäriň pudagynda erkin gürlemek ukybyny kemala getirmek, dünýa medeniýetine, dürli halklaryň medeniýetine hormat goýmagy öwretmek, bu dersi okatmagyň esasy maksatlary bolup durýar. Daşary ýurt dillerini ýokary hilli okatmagyň ähmiýeti, dil taýýarlygynyň ýaş hünärmenler üçin derwaýyslygy, dili öwrenmekde tejribeligiň ähmiýeti bu ugurda çap edilýän köp sanly ylmy we ylmy-usuly işlerde beýan edilýär. Belli bolşy ýaly, daşary ýurt dilleri-aragatnaşyk serişdesi, dili öwrenilýän halkyň medeniýetini öwrenmegiň, okuwçylaryň gözýetimini giňeltmegiň serişdesidir. Iş maksatnamanyň öwrenilýän hünäri boýunça mazmuny saýlanylan hünäriň degişli pudagynda iş çalyşmak, şeýle-de şol ulgamda has köp ulanylýan grammatiki we leksiki gurluşlaryň öwrenilmegine, gaýtalanmagyna we berkidilmegine gönükdirilen.

Iňlis diliniň fonetikasynyň, leksikolgiýasynyň we grammatikasynyň esaslaryny öwretmek, diňleýjileriň geljekde öz hünäri boýunça, şeýle-de olary guramagyň tärleri „Iňlis dili“ dersiniň predmeti bolup durýar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkeziniň okuw meýilnamasyna laýyklykda “Hünäri boýunça iňlis dili“ dersine jemi 324 sagat: (I - dereje. (Elementary course) - 108 sagat; II - dereje. (Pre-intermediate course) - 108 sagat; III – dereje. (Legal English) – 108 sagat meýilleşdirilendir.

„Hünäri boýunça iňlis dili“ dersiniň maksatnamasy hukuk hünäriniň diňleýjileri üçin düzülen, onda iňlis dilinde gepleýiş, okuw we ýazuw endiklerini öwretmek we kämilleşdirmek maksadyndan başga, öwrenilýän diliň ulanylýan ýurtlarynyň medeniýeti bilen tanyşdyrmak, olar barada umumy düşünje bermek ýaly  meseleler öz beýanyny tapýar. Mundan başga-da, dersi okatmagyň möhüm meseleleriniň biri diňleýjilere hünärlerine degişli bolan, daşary ýurt dilinde taýýarlanan edebiýatlary öz işinde peýdalanmak ukybyny özbaşdak kämilleşdirmegi, işlejek pudagynda ulanylýan adalgalardan dilden we ýazmaça erkin peýdalanmagy öwretmek.

Hünäri boýunça iňlis dili okuwy meýilnama boýunça 108 okuw sagady göz öňünde tutulan.

Okuwlar hepdede üç gün, günde üç okuw sagatdan okadylýar. Okaýjylaryň islegine görä okuwlary hepdede alty gün, günde 3 okuw sagatdan okatmak mümkünçiligi hem bar. Okuwlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary okadýar.

Okuwlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň çäginde sagat 17:00 dan soň gurnalýar. 

Hünäri boýunça iňlis dili okuwyň tölegi 1 100 manat. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar.