02.01.2024
1583
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilimde amala aşyrylýan düýpli täzelenişlere, uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli maksatnamalara täze badalgalar berilýär. Bu maksatnama hünärmenlerde hukuk düşünjesini has kämilleşdirmäge niýetlenendir. Şoňa görä-de, bir ýurduň hukuk ulgamynyň we kanunçylygynyň beýleki ýurtlara garanyňda käbir milli aýratynlyklary bardyr. Şundan ugur almak bilen, Türkmenistanda konstitusiýa hukugynyň, administratiw hukugynyň, raýat hukugynyň, zähmet hukugynyň, raýat iş ýöredişiniň, jenaýat hukugynyň we jenaýat iş ýöredişiniň esaslarynyň okatmak maksada laýyklygy – daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerini hukuk öwreniş hünäri boýunça tamamlan Türkmenistanyň raýatlaryna ýokarda agzalan dersleri boýunça umumylaşdyrylan sapaklary geçmek, ýurdumyzyň hukuk ulgamynyň milli aýratynlyklaryny, ýurdumyzda alnyp barylýan hukuk özgertmelerini öwretmekden ybarat bolup durýar. Ýurdumyzda soňky kabul edilen kanunlary we olarda düzgünleşdirilen täze hukuk gatnaşyklaryny, hukuk kadalaryny göz öňünde tutmak bilen, agzalan hukuk pudaklarynyň esaslaryny öwretmek hem bu okuwyň maksadyna degişli bolup durýar.
Türkmenistanda ösen raýat jemgyýetini kemala getirmek, onda adamyň köp görnüşli bähbitlerini, zähmete, eýeçilige, öz pikirini erkin beýan etmäge we goramaga bolan düýpli hukuklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirýän jemgyýetçilik gurluşy dowam edýär. Jemgyýet ykdysady ösüşi gazanmak bilen bir hatarda „ýaşaýşyň hilini“ gowulandyrmaga, durmuş maksatnamalary giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlara ugrugýar. Öz gezeginde adamy mertebelemek, onuň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak türkmen jemgyýetiniň has jebisleşmegine, hakyky halk häkimiýetiniň berkarar bolmagyna gerekli esaslary döredýär. „Häzirki zaman türkmen jemgyýeti“ dersini okuw dersi hökmünde okatmaga girişilende hem şu nukdaýnazardan ugur alyndy. Ol nazary we amaly häsiýete eýedir. Häzirki zaman türkmen jemgyýeti, bilşimiz ýaly, özgerýän, täze hil derejelere galýan jemgyýetdir. Ozal esasan, agrar ýurt bolan Türkmenistan bu gün senagat taýdan ösen döwlete öwrülýär. Diýmek, bu dersiň üsti bilen bir derejeden has ýokary derejä galýan jemgyýeti öwretmeklik maksat edinilýär. Şonuň üçin jemgyýetiň durmuşyny derňemeklikde häzirki döwrüň ylmy-filosofiki pikirleniş usullaryny, serişdeleri ulanmaly bolýar.
Türkmenistanyň milli kanunçylygy bilen baglanyşykly okuwlary okatmagyň esasy wezipeleri Türkmenistanyň konstitusiýasynyň, Administratiw hukuk tertibiniň bozulmalary hakyndaky kodeksiniň, Raýat kodeksiniň, Raýat iş ýörediş kodeksiniň, Jenaýat kodeksiniň, Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň we Türkmenistanda hereket edýän beýleki hukuk namalaryň kadalaryny özleşdirmek we käbir kadalary mysallar bilen düşündirmek, sorag-jogap alyşmak arkaly öwretmeklik bolup durýar. Okuwyň dowamynda diňe bir hukuk namalar däl-de, eýsem, okuw kitaplaryny, okuw gollanmalaryny we maslahat berilýän beýleki çeşmeleri ulanmak we öwrenmek göz öňünde tutulýar. Bu okuwlary okamak bilen diňleýjiler konstitusiýa, administratiw, zähmet, jenaýat we raýat hukuklarynyň, jenaýat we raýat iş ýöredişiniň esaslary barada giňişleýin düşünje alarlar. Bu bolsa, olara Türkmenistanyň çägindäki döwlet edaralarynda we kärhanalarynda işlemäge mümkinçilik berer.
Raýatlar, resminamalaryny Bilim Ministrligine tabşyrandan soň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň okuw bölümi tarapyndan seljerilip, okuwa çagyrylýar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň 6 aprel 2021-nji ýyl sene bilen GM/06 buýrugyna laýyklykda daşary ýurt döwletlerinde “Hukuk işi” ugry boýunça Türkmenistanyň raýatlaryna berlen ýokary hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmek üçin 3 (üç) aý möhletli okuwlar guralýar. Üç aýlyk okuwlar gutarandan soň döwlet synaglar başlaýar. Döwlet synaglary üç tapgyrda ýagny, test tabşyrmak, döwlet dilinde beýan ýazdyrmak we söhbetdeşlik geçmek arkaly geçirilýär.
Raýat birinji synagyny geçmedik ýa-da gelip bilmedik ýagdaýynda indiki synagyna goýberilýär. Synagdan geçip bilmedik ýa-da gelip bilmedik raýatlar her üç aýdan gelmedik ýa-da geçmedik synagyny gaýtadan tabşyryp bilerler.
Okuwyň möhleti – 3 aý, okuw sapaklary - 300 sagat.
3 aý (synaglar bilen bilelikde) okuwyň tölegi 1 450 manat.
Gaýtadan synag tabşyrmak üçin (bir synag) 195 manat.