06.05.2024
610
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilimde amala aşyrylýan düýpli täzelenişlere, uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli maksatnamalara täze badalgalar berilýär.
Ýaş nesli terbiýelemek, ylym-bilimden ýüküni ýetirip hünär derejeleriniň yzygiderli kämilleşdirilmegine ýardam bermek biziň borjumyza öwrülýär.
Himiýa dersini çuňlaşdyryp öwrenmek bilen gelejekde öz işiniň ussady hünärmenlerini taýýarlamak bolar.
Okuwyň maksady diňleýjilere gysga wagtyň içinde umumy himiýa biliminiň özenini nazary taýdan hem-de tejribe üsti bilen öwretmek, netijeli işlemegä gönükdirmekden ybaratdyr. Okuw meýilnamasyna laýyklykda okuwyň möhleti her tapgyr üçin 3 aý (umumy 15 aý). Okuw sagatlarynyň möçberi: her hepdede 9 sagat, jemi 550 sagat. Okuwy nazary we amaly bölümlerden ybarat.
Nazary bölüminde orta we ýokary okuw maksatnamalaryna laýyklykda berilýän nazary maglumatlara esaslanyp teswirleme, monolok görnüşinde emma kämil usulda proýektirleme we mysallar çözülip diňleýjilere ýetirmek usulynda berilýär.
Amaly bölümi himiki kanunalaýyklyklara degişli durmuşda we saýlanan hünärlerde ýüze çykyp biljek meseleleri çözmegiň ýollary we demonstrasiýa görkeziliş, söhbetdeşlik, sorag-jogap alyşmak, özbaşdak howpsyz tejribe işleri geçirmek usulynda geçilýär.
Okuwy tamamlanlaryndan soň diňleýjiler himiýa dersinden özbaşdak erkin baş çykarmagyny gazanyp, himiýanyň beýleki bölümleri bilen baglanyşykly meseleleri kesgitlemegi we çözmegi boýunça hünärlerden erkin we erjel baş çykararlar.
Himiýa dersini 2(iki) dilde, ýagny türkmen we rus dillerinde şu meýilnama esasynda öwrediler. Gelejekde iňlis dilinde Himiýa dersini öwretmek hem okuw meýilnamasynda göz öňüne tutýarys. Himiýa dersiniň rus we iňlis dillerinde okadylmagy bilen diňe Türkmenistanyň raýatlaryna däl-de eýsem merkezi aziýa döwletleriniň raýatlaryny hem okatmak mümkinçiligimiz döräp biler.
Mekdep okuwçylary, talyplar we beýleki isleg bildirýän dalaşgärler üçin niýetlenendir. Okuw şeýle hem maksatnamanyň möçberinde bilimleri bar bolan, ýöne olary umumylaşdyrmagy, işlemegiň täze tärleri we usullary arkaly öz netijeliligini ýokarlandyrmagy isleýänler üçin peýdaly bolar.
Himiýa dersi boýunça okuw 550 sagat üçin niýetlenen. Bäş tapgyrdan ybarat bolup, her tapgyry 3 aý dowam eder. Eger-de sapaklary hepdede 3 gezek 3 okuw sagatdan geçirilip, okuw aýda 4 hepde, her tapgyr umumylykda 3aý dowam eder. Umuman himiýa dersi 15 aýlyk okuw görnüşinde okadylar.
Okuwlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary okadýar.
Okuwlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň çäginde sagat 17:00 dan soň gurnalýar.
Himiýa okuwyň tölegi (110 sagat üçin - her tapgyr, jemi 5 tapgyr) 1 000 manat. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar.