06.05.2024
215
Türkmenistan ýurdumyzyň alyp barýan içerki we daşarky syýasaty şu günlerki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ägirt uly itergi berýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary pajarlap ösýär, ylymda we bilimde düýpli özgerişler dowam edýär. Bilim edaralary häzirki zaman ösen tehniki serişdeler, şol sanda kompýuterler bilen doly abzallaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilimde amala aşyrylýan düýpli täzelenişlere, uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli maksatnamalara täze badalgalar berilýär.
Fransuz dili dersini öwretmegiň esasy maksady dürli ýaşly we dürli kärlerdäki adamlara fransuz diliniň sözleýiş endiklerini we başarnyklaryny dünýä derejesindäki netijeli usullara we tärlere daýanyp öwretmekdir.
Dürli gepleşik temalar boýunça şahsy we işewür gepleşikleri alyp barmaklyk endiklerini we başarnyklaryny ösdürmek fransuz dili okuwynyň esasy maksady bolup durýar. Bu maksatlar dil öwrenijileri fransuz diliniň elipbiýi, sesleriň aýdylyş düzgünleri, grammatik kadalary, sözleriň ulanylyş düzgünleri bilen takyk tanyşdyrmaklygy, olary türgenleşdirilmegi göz öňünde tutýar.
Dil öwrenijileriň fransuz dilinde dürli medeniýetlere düşünip, dürli temalar boýunça söhbetdeşlikler alyp barmak başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen, aşakdaky wezipeler göz öňünde tutulýar:
Öwrenmegiň wagty 3-4 aý, hepde-de 3-4 gezek, okuw sapagynyň sany 142, bir okuw sapagynyň dowamy 2-3 okuw sagady.
Meýilnama dürli ýaşly okuwçylara, mekdebiň ýokary synp okuwçylaryna, talyplara we dürli kärde işleýän uly ýaşlylara niýetlenendir.
Okuwyň tölegi 142 okuw sagady üçin 1 090 manat