06.05.2024
543
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilimde amala aşyrylýan düýpli täzelenişlere, uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli maksatnamalara täze badalgalar berilýär.
“Fizika” okuwy boýunça birkysmy okuw meýilnamasyna laýyklykda, “Mehanika. Molekulýar fizika we termodinamika” (75 okuw sagady) tapgyryny tamamlan diňleýjiler kinematikanyň esaslary, dinamikanyň esaslary, mehaniki yrgyldylar, ses, suwuklyklaryň we gazlaryň mehanikasyny öwrenerler. Şeýle-de, maddalaryň molekulýar gurluşy, ideal gazyň molekulýar-kinetik nazaryýeti, termodinamikanyň esaslary hakyndaky maglumatlary özleşdirerler.
“Elektrik we magnit hadysalary” (75 okuw sagady) tapgyryny tamamlan diňleýjiler elektrik meýdany, hemişelik toguň kanunlary, dürli gurşawlardaky elektrik togy hakyndaky maglumatlary öwrenerler. Şeýle hem, magnit meýdany, elektromagnit induksiýa hadysasy, elektromagnit yrgyldylary baradaky maglumatlary özleşdirerler.
“Ýagtylyk hadysalary. Kwant fizikasy we astrofizikanyň esaslary” (75 okuw sagady) tapgyryny tamamlan diňleýjiler elektromagnit tolkunlary, ýagtylyk hadysalary, görälik (otnositellik) nazaryýetiniň esaslaryny öwrenerler. Şeýle-de, kwant fizikasy we ýagtylyk kwantlary, atom we atom ýadrosynyň gurluşy, astrofizikanyň esaslary baradaky maglumatlary özleşdirerler.
Şu okuw dersiniň okadylmagynyň esasy maksady fizikanyň ähli bölümleri boýunça ýaşlara bilim bermekden, olaryň okuw materiallaryny doly öwrenip bilmeklerini gazanmakdan ybaratdyr. Taýýarlanan okuw maksatnama orta umumy biliminiň mazmunynyň hökmany minimumyna gabat gelýär.
Okuwlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary okadýar.
Okuwlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň çäginde sagat 17:00 dan soň gurnalýar.
Fizika okuwyň tölegi (75 sagat üçin) 920 manat. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar.