02.01.2024
1317
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilimde amala aşyrylýan düýpli täzelenişlere, uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli maksatnamalara täze badalgalar berilýär. Bu maksatnama hünärmenlerde ýurdumyzyň taryhyna, syýasy we ykdysady ýagdaýlaryna düşünjäni has kämilleşdirmäge niýetlenendir.
Bu döwürde ýurda adamzat jemgyýetiniň has göwnejaý görnüşini, onda adamyň köp görnüşli bähbitlerini, zähmete, eýeçilige, öz pikirini erkin beýan etmäge we goramaga bolan düýpli hukuklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirýän jemgyýetiň gurluşygyna başlandy. Jemgyýet ykdysady ösüşi gazanmak bilen bir hatarda „ýaşaýşyň hilini“ gowulamaga, ykdysady däl sosial maksatnamalary giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlara ugrugýar. Öz gezeginde adamy mertebelemek, onuň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak türkmen jemgyýetiniň has jebisleşmegine, hakyky halk häkimiýetiniň berkarar bolmagyna gerekli esaslary döredýär. „Häzirki zaman türkmen jemgyýeti“ dersini okuw dersi hökmünde okatmaga girişilende hem şu nukdaýnazardan ugur alyndy. Ol nazary we amaly häsiýete eýe. Häzirki zaman türkmen jemgyýeti, bilşimiz ýaly, özgerýän, täze hil derejelere galýan jemgyýet. Ozal esasan, agrar ýurt bolan Türkmenistan bu gün senagat taýdan ösen döwlete öwrülýär. Diýmek, bu dersiň üsti bilen bir derejeden has ýokary derejä galýan jemgyýeti öwretmeklik maksat edinilýär. Şonuň üçin jemgyýetiň durmuşyny derňemeklikde häzirki döwrüň ylmy-filosofiki pikirleniş usullaryny, esbaplaryny, serişdeleri ulanmaly bolýar.
Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerini dürli hünär ugry (hukuk öwrenişden başgalary) boýunça tamamlan Türkmenistanyň raýatlary üçin Häzirki zaman türkmen jemgyýeti dersi boýunça okuwlar ýylda dört gezek gurnalýar. Raýatlar, resminamalaryny Bilim Ministrligine tabşyrandan soň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň okuw bölümi tarapyndan seljerilip, okuwa çagyrylýar. Okuwlar bir hepde dowam edýär, soň syn beriş okuwlary gurnalýar (bir gün). Okuwlar gutarandan soňra döwlet synaglar başlaýar. Raýatyň hünärine görä synag uniwersitetiň degişli fakultetinde gurnalýar. Synagdan geçip bilmedik ýa-da gelip bilmedik raýatlar her üç aýdan gaýtadan tabşyryp bilerler.
Okuwyň möhleti – 1 hepde, okuw sapaklary - 30 sagat
Bir hepde üçin (synaglar bilen bilelikde) okuwyň tölegi 430 manat
Gaýtadan synag tabşyrmak üçin (bir synag) 173 manat