Çuňlaşdyrylan kompýuter tehnologiýalary (Programmirleme)

image

06.05.2024

446

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ösüşlerimiziň, üstünliklerimiziň we rowaçlyklarymyzyň kepili bolan ylym-bilimi ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. Garaşsyz ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan (rejelenen görnüşi) taýýarlanmagy we tassyklanmagy göz öňünde tutulan kadalaşdyryjy hukuk namalary yzygiderli işlenip taýýarlanylýar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly Baştutanlyk eden döwründe, ýagny 2008-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda “Türkmenistanda ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamagy üpjün etmek hem-de ylmy taslamalara döwlet maliýe goldawyny bermek hakyndaky” kararyna laýyklykda “Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamak hakynda Düzgünnama”,  2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda “Türkmenistanda ylmy işgärleriň hukuk ýagdaýy hakynda” Kanun, 2012-nji ýylyň 20-nji dekabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaş alymlary goldamak boýunça gaznasy hakyndaky” karar, 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy”, 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda “Bilim hakynda (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanuny”, 2021-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda  “Döwlet ýokary hünär bilimi edaralary hakynda Düzgünnama” tassyklandy.

     Türkmenistan ýurdumyzyň alyp barýan içerki we daşarky syýasaty şu günlerki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ägirt uly itergi berýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary pajarlap ösýär, ylymda we bilimde düýpli özgerişler dowam edýär. Bilim edaralary häzirki zaman ösen tehniki serişdeler, şol sanda kompýuterler bilen doly abzallaşdyrylýar.

     Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilimde amala aşyrylýan düýpli täzelenişlere, uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli maksatnamalara täze badalgalar berilýär.

Halk hojalygynda ýüze çykýan dürli meseleleri ýokary takyklykda çalt çözmeklik häzirki zaman kompýuterlerini doly derejede we döredijilikli ulanyp bilýän hünärmenlere gönüden-göni baglygyr. Häzirki döwürde okatmagyň we öwretmegiň kämil hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ulanylýar. Olar esasan, kompýuterler, Internet we telekommunikasiýalar  bilen jebis baglanşyklydyr. Komýuterler bilen baglanşykly okatmagyň we öwretmegiň häzirki zaman kämil tehnologiýalaryna multimediýany, interaktiw serişdelerini, distansion öwretme tehnologiýasyny we başgalary görkezmek bolar.

Informasion we  aragatnaşyk tehnologiýalary netijeli peýdalanmak ulanyjylar tarapyndan olary düýpli özleşdirmegine we hünär derejelerini yzygiderli kämilleşdirmegine baglydyr. 

Çuňlaşdyrylan kompýuter tehnologiýalary okuwy şahsy kompýuterde işlemegiň endiklerini ele alan programmirlemegiň häzirki zaman dillerinde işlemegiň tärlerini we usullaryny ýokary derejede özleşdirmäge isleg bildirýän diňleýjilere peýdaly bolar. Bu okuw geljekde ýokary derejede ylmy, ofis, tor we ş.m. programma goşundylaryny döretmegi, häzirki zaman Web-tehnologiýalaryny ýokary derejede özleşdirmegi  meýilleşdirýän talyplara, hünärmenlere bolsa müşder-serwer arhitekturasy boýunça düýp bilimleri, häzirki zaman korporatiw maglumat ulgamlaryny döretmegiň tehnologiýalaryny, dürli MBDU (maglumatlar binýatlaryny dolandyrýan ulgamlary) bilen işlemek üçin goşundylary döretmegiň tärlerini we usullaryny öwrenmek  hem peýdaly bolar.

Bu okuw özünde bäş okuw maksatnamalaryny jemleýär. Diňleýjiler programma üpjünçiligini döretmekde, ýaýratmakda we ýardam etmekde häzirki zaman tehnologiýalaryny öwrenmek üçin esas bolup durýan C/C++ prog-rammirleme dilinde programmirlemegi, C# programmirleme dilinde we .NET platformada adaty we tor prorammalary döretmek, Web-saýtlary düzmekde zerur bolýan HTML gipertekstini belgilemek dilinde, Java we JavaScript dillerinde we python programmirleme dillerinde programmirlemegiň esaslary bilen tanşarlar.

Bu okuwyň aýratynlygy sapaklarda seredilen nazary temalar programmalary düzmek we olary işletmek bilen berkidilmekdedir. Ele alnan ähli bilimler we başarjaňlyklar köp sanly amaly mysallar we ýumuşlar arkaly berkidilýär.

Çuňlaşdyrylan kompýuter tehnologiýalary okuwy umumy 750 sagada niýetlenen, şol sanda:

  1. C/C++ dilinde programmirleme – 150 sagat;
  2. Web-goşundylary programmirleme - 150 sagat;
  3. C# dilinde programmirleme – 150 sagat;
  4. Java dilinde programmirleme – 150 sagat;
  5. Python dilinde programmirleme – 150 sagat

Okuw uly synplaryň mekdep okuwçylary, talyplar we häzirki zaman maglumat ulgamlar boýunça işleýän hünärmenler üçin niýetlenendir.

Okuw tamamlandan soňra diňleýjiler alan bilimlerini öz hünär işinde ulanyp bilýär.

Okuwlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary okadýar.

Okuwlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň çäginde sagat 17:00 dan soň gurnalýar. 

Okuwyň tölegi (150 sagat üçin) 2 000 manat. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar.