06.05.2024
317
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilimde amala aşyrylýan düýpli täzelenişlere, uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli maksatnamalara täze badalgalar berilýär.
Okuw maksatnamasy taýýarlanylanda biologiýa dersiniň ähli basgançaklaryny doly öwretmeklige, olaryň hünär ugurlary boýunça ýörite dersleri özleşdirmeklerine taýýarlyklaryny üpjün etmek wezipelerinden ugur alyndy.
Ylym ýurdumyzy has-da kuwwatlandyrjak, halkymyzy mundan-da eşretli durmuşyň eýesi etmäge mümkinçilik berjek güýçdür. Ýaşlarymyzyň geljekde Watanymyzyň ylymda gazanjak belent ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşmaga taýýar bolmagy, olaryň talyplyk ýyllarynda ylmy-barlag işlerini alyp barmagyň usullaryny, tärlerini ele almaklary, öwrenmekleri wajyp ähmiýete eýedir. Biologiýa bilimlerini düýpli öwrenýän ýaşlaryň, esasan-da öňdebaryjy, innowasiýa ylmy-barlaglaryny alyp barmaga ukyply ýaşlaryň kemala gelmegi bilen bagly işleri ýola goýmak maksadalaýyk bolup durýar.
Janly tebigatyň dürli guramaçylyk derejelerinde geçýän hadysalaryň esaslaryna degişli çözgütleri tapmak doly derejede we döredijilikli ulanyp bilýän hünärmenlere gönüden-göni baglygyr. Tebigy hadysalara ewolýusion, genetiki nukdaý nazardan garamak endiklerini edinjek ýaşlary kemala getirmek möhümdir. Çalt depginler bilen ösýän biologiýa ylmynyň täze üstünlikleri barada maglumatlary bermek, bilimiň bermegiň hilini ýokarlandyrmak wajyp wezipeleriň biridir.
“Biologiýa” okuwy biologiki bilimi özleşdirmegi başlaýanlar üçin niýetlenendir. Okuwyň maksady diňleýjilere gysga wagtyň içinde umumy biologiki bilimleri öwretmekdir.
Okuwyň wezipeleri:
Okuw 3 tapgyrdan ybarat, her tapgyr 111 sagat. Bir tapgyr 2 aý dowam edýär.
1-nji tapgyr Botanika we zoologiýa;
2-nji tapgyr Adam we onuň saglygy;
3-nji tapgyr Umumy biologiýa.
Okuw okuwçylar, talyplar hem umumy biologiki düşünjeleri özleşdirmäge isleg bildirýän ýaşlar üçin niýetlenilendir. Her topardaky diňleýjileriň sany 10-12 adamdan ybarat.
Okuwlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary okadýar.
Okuwlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň çäginde sagat 17:00 dan soň gurnalýar.
Biologiýa okuwyň tölegi (111 sagat üçin, her tapgyr üçin) 1000 manat. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar.