06.05.2025
346
Türkmenistan ýurdumyzyň alyp barýan içerki we daşarky syýasaty şu günlerki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ägirt uly itergi berýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary pajarlap ösýär, ylymda we bilimde düýpli özgerişler dowam edýär. Bilim edaralary häzirki zaman ösen tehniki serişdeler, şol sanda kompýuterler bilen doly abzallaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilimde amala aşyrylýan düýpli täzelenişlere, uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli maksatnamalara täze badalgalar berilýär. Häzirki zaman bilim ulgamynda robot tehnologiýalary uly ähmiýete eýedir. Robot tehnologiýalary okuw prosesini has interaktiw, täsirli we çeýe edýär. Talyplar robot programmirleme, dizaýn we dolandyryş başarnyklaryny öwrenip bilerler. Bu tehnologiýalar bilim ulgamyny düýpgöter özgerdip, okuw prosesini has netijeli we gyzykly eder.
Okuw jemi 75 sagat
Her topardaky diňleýjileriň sany 10-12 adamdan ybarat
Okuw tamamlandan soňra diňleýjiler alan bilimlerini öz hünär işinde ulanyp bilýär.
Okuwlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary okadýar.
Okuwlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň çäginde sagat 17:00 dan soň gurnalýar.
Okuwyň tölegi (75 sagat üçin) 1 500 manat. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar.