Astronomiýa

image

06.05.2025

125

          Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilimde amala aşyrylýan düýpli täzelenişlere, uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli maksatnamalara täze badalgalar berilýär.

         “Astronomiýa” okuwy boýunça birkysmy okuw meýilnamasyna laýyklykda, “Umumy astronomiýa” tapgyryny tamamlan diňleýjiler astronomiýa ylmynyň döreýşi we ösüşi, asman sferasy barada esasy düşünjeler, wagt ölçemek, planetalaryň görünýän we hakyky hereketleri, asman mehanikasynyň esaslaгy, Ýeriň we Aýyň hereketleri, tutulmalar barada öwrenerler.  Şeýle-de, astrofiziki barlaglaryň usullary,  ýagtylygy şöhlelendirme we siňdirme kanunlary, Gün sistemasynyň jisimleriniň fiziki tebigaty,  Günüň fiziki tebigaty, ýyldyzlar, galaktikalar, asman jisimleriniň döreýşi we ösüş ýollary, kosmologiýanyň esaslary hakyndaky maglumatlary özleşdirerler.

          Şu okuw dersiniň okadylmagynyň esasy maksady astronomiýa boýunça ýaşlara bilim bermekden, olaryň okuw materiallaryny doly öwrenip bilmeklerini gazanmakdan ybaratdyr.

          Astronomiýa dersi boýunça okuw 100 sagat üçin niýetlenen. 

          Okuwlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary okadýar.

          Okuwlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň çäginde sagat 17:00 dan soň gurnalýar. 

          Astronomiýa okuwyň tölegi 100 sagat üçin - 1 020 manat. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar.