Arap dili

image

06.05.2024

388

     Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilimde amala aşyrylýan düýpli täzelenişlere, uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli maksatnamalara täze badalgalar berilýär.

     Terjimeçilik işiniň çylşyrymlydygynyň esasy sebäbi hem bir dilde aňladylýan tekstiň mazmunynyň we formasynyň birligini beýleki diliň dil serişdeleri bilen aňlatmaklygydyr. Bu iş onuň işjeň işlemegini talap edýär we döredijilik häsiýetinde bolýar. Arap dili okuwunyň wezipesi arap grammatikasynyň esaslaryny bilmek, terjime etmegiň umumy kanunlary öwrenmekdir.

     Orta asyrlardaky türkmen döwletleriniň taryhyny içgin öwrenmek, häzirki wagytdaky 20­den gowrak döwlet dili arap dili bolan döwletleriň medeniýetini, durmuşynyň dürli ugurlaryny bilmek, şeýle hem şu döwürde bolup geçýän ykdysady, medeni, ösüşleri halklara ýetirmek üçin arap dilini bilmek örän zerurdyr.

     Şu maksatnama häzirki zamanyň ösen usullaryny milli aýratynlyklaryna görä ulanyp,  arap dilini öwrenmegi esasy wezipe edip goýýar.

     Okuw maksady diňleýjilere arap diliniň sesleriniň aýdylyş, olaryň ýazuwda aňladyş aýratynlyklaryny sözleýşi ösdürýän usulda geçmegiň gündelik gepleşige zerur bolan sözleri yzygiderli öwretmegi, durmuşda bolup geçýän ýagdaýlary nusgalyk temalary boýunça arap dilinde beýan etmegi maksat edinýär.

     Maksatnama laýyklykda diňleýji 426 sagadyň dowamynda her hepde­de 3­4 gezek 2­3 okuw sagadyny geçmek bilen, her sagatda ses, söz, sözlem gurluşy , gepleşik, ýazuw taýdan arap diline degişli düýpli kadalary öwrener. Mundan başgada ol her bir sagatda özbaşdak ýumuş alyp, ony ýerine ýetirer. Okuw wagtynda arap dilindäki ses we şekil ýazgylaryny hem giňden ulanmak, metbugat ýazgylaryny peýdalanmak göz öňüne tutulýar.

     Şeýle hem arap dilini öwretmeklik üç sany bölümden durýar, her bölümde 142 sagat okadylar we bölümi üstünlikli geçen diňleýji indiki bölümleri dowam etdirmeklige hukuk gazanar.

     Bu okuw arap dilini öwrenmek isleýän ýokary synpdaky mekdep okuwçylary, ýokary mekdeplerde okaýan talyplar, dürli kärli uly ýaşly adamlar, ikinji daşary ýurt dili öwrenmek isleýänler üçin niýetlenendir.

     Okuw tamamlandan soňra diňleýjiler alan bilimlerini öz hünär işinde ulanyp bilýär.

     Okuwlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň çäginde sagat 17:00 dan soň gurnalýar. 
     Bu kursy arap dilinden tejribesi baý bolan professor-mugallymlar okadýar.

     Okuwyň tölegi:

I, II we III dereje, 142 sagat üçin - 1 090 manat
Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar.