06.05.2024
519
Adamyň adama, şahsyýetiň hut özüne akyl ýetirmek islegi adamzat jemgyýeti döräli bäri ynsan islegleriniň iň işjeň görnüşleriniň biridir. Giň halk köpçüligine niýetlenen bu psihologiki taýýarlyk okuwy bilim berşi we ylmy dünýä standartlaryna laýyklykda guramak syýasatynyň ayrylmaz bir bölegi hökmünde amala aşyrylýar.
Psihologik gullugy döretmek we onuň işini göwnejaý ýola goýmak halk hojalygynyň ähli pudagyna degişlilikde günibirin meseledir. Bilim berişiň aşaky, orta we ýokary derejelerinde, kliniki-tebipçilik, harby gulluga seçgi, sürüjiler we beýleki ulgamlarda psihologik gullugy köplenç ýörite psihologik taýýarlygy bolmadyk hünärmenler alyp barýarlar. Olaryň aglaba köpçüliginiň hat-da gysga psihologik taýýarlygy geçenligi dogrusyndaky kepilnamalary ýokdur. Galybersede ýokary okuw jaýlarymyzyň ýokary ýyl talyplary, aýratynda hukuk, halkara gatnaşyklary hünärlerinde okaýan talyplar psihologik ekspertizany guramaklygyň, reklamanyň, dolandyryşyñ psihologik esaslaryny özleşdirmeklige uly höwes bildirýärler.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkezinde amala aşyrylýan «Amaly psihologiýa» okuwy agzalan zerurlyklary kanagatlandyrmak bilen bir hatarda giň halk köpçüliginiň psihologiýa ylmy, hünäri bilen gyzyklanýanlaryň, onuň esaslary bilen tanyşmakçy bolýanlaryň höweslerine niýetlenendir.
Okatmagyň maksady we wezipeleri:
1. Häzirki döwürde ýokary bilimiň esasynda degişli edaradyr-kähanalarda psihologik taýýarlyksyz bu hünäri ýöredýänlere psihologiýanyň esaslary boýunça ylmy, bilim-düşünjeleri, amaly-usul tärleri bermek.
2. Okaýanlary psihologik gullugyň dürli ugurlarynda ulanylýan testleriň, sowalnamalaryň, psihologiýanyň beýleki takyk usullarynyň geçiriliş tärleri bilen tanyşdyrmak we olarda degişli başarnyklary kemala getirmek.
3. Özüňize we adamlara has gowy düşünmegi öwreniň
4. Özüňize has gowy düşünmegi öwreniň we adamlar bilen aragatnaşyk endiklerini ösdüriň
5. Maksatlara netijeli ýetmek üçin özüňize we adamlara has gowy düşünmegi öwreniň
6. Psihologiki manipulýasiýa bilen göreşiň
7. Durmuşdan lezzet alyň
Maksatnama halk hojalygynyň dürli pudaklarynda psihologik gullugy ýörite hünärmen taýýarlyksyz alyp barýan ýokary bilimlilere, şeýle hem bu ylym, hünäre höwes bildirýän giň halk köpçüligine niýetlenendir.
Amaly psihologiýa okuwynyň doly kursuny tamamlananlara “Amaly-psihologiýa” boýunça 159 sagatlyk kursy üstünlükli tamamlandygy barada şahadatnama berilýär.
Okuwlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary okadýar.
Okuwlar türkmen dilinde okadylýar.
Okuwlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň çäginde sagat 17:00 dan soň gurnalýar.
Okuwyň tölegi (159 sagat üçin) 1 200 manat. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar.
Bellik:
Amaly psihologiýa kursy mugallymçylyk işi bilen meşgullanmaga hukuk berenok.
Gaýry hünärler boýunça diplom alan raýatlar diňe öz ugry, hünäri boýunça degişli edarada işläp bilerler.
Öz ugry, hünäri boýunça mugallymçylyk etmäge isleg bildirýän raýatlar Türkmenistanyň Bilim hakynda kanunyna (rejelenen görnüşi, 47-nji madda) laýyklykda bu işi amala aşyrmalydyrlar.